Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşogzuň etraplarynda we oba ýerlerinde gündiz elektrik togy, gaz kesilýär


Maryda kommunal hojalyk hyzmatlarynyň işgärleri elektrik togunyň liniýalaryny abatlaýar (Illýustrasiýa suraty)
Maryda kommunal hojalyk hyzmatlarynyň işgärleri elektrik togunyň liniýalaryny abatlaýar (Illýustrasiýa suraty)

Soňky bir aýyň dowamynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow, Gurbansoltan eje, Görogly, Boldumsaz etraplarynyň merkezlerinde hem-de obalarynda günüň dowamynda elektrik togy we tebigy gaz üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär. Bu barada Azatlygyň welaýatdaky habarçysy 3-nji awgustda habar berdi.

“Tomusda gaz kesilse oňuşsa bolar, nahary odun ýakyp daşardaky ojaklarda bişirip bilýäris, ýöne elektrik bolmasa yssyda agyr düşýär” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Tok bolmasa [holodilniklerdäki] bir topar pul çykaryp satyn alan azyk harytlarymyz, esasan süýt önümleri zaýalanýar, soňra zyňmaga mejbur bolýarys” diýip, beýleki bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, elektrik we gaz edaralary agzalýan etraplarda energiýa üpjünçiliginiň günüň dowamynda kesilmegini gyşa taýýarlyk işleri bilen düşündirýärler.

Azatlygyň habarçysy gazlary kesilen sebitlerdäki çetki obalary aýlanyp, gyşa taýýarlyk diýilýän çäreleriň alnyp barlyşy bilen gyzyklandy.

“Meniň özüm gazlary kesilýän iň çetki obalara-da aýlandym; gyşa görülýän taýýarlyga duşmadym. Ol obalarda elektrosetiň we etrap gaz gurluşyk edaralarynyň işgärleriniň ýekejesine-de sataşmadym. Gyşa görülýän taýýarlygy “bahanalap”, togy we gazy irden sagat 10:00-da kesýärler. Soňra, agşam sagat 18:00-da täzeden berip başlaýarlar. Soňky bir aý bäri şu ýagdaý gaýtalanýar” diýip, Azatlygyň habarçysy belledi.

Ol ýagdaýlary içgin öwrenmek üçin, bu edaralaryň uly inženerleri bilen söhbetdeş bolandygyny gürrüň berdi:

“Uly inženerler obalaryň tok üpjünçiliginde näsazlyk ýüze çykanda etraplaryň “elektroset” edaralarynda zerur ätiýaç şaýlaryň ýokdugyny aýdýarlar. Olar “Ýokardan gyşda tok kesilmesin diýip tabşyrýarlar. Berýän zatlary ýok. Obalardaky we etrap merkezlerindäki transformatorlaryň ýagyny hem edara işgärleriniň aýlygyndan tutup täzeledik” diýýärler. Inženerleriň aýtmagyna görä, welaýatdaky başlyk pul bermedik işgäriň işden boşadyljakdygyny aýdansoň, işgärler sesini çykarmany beripdirler” diýip, Azatlygyň habarçysy belledi.

Azatlygyň habarçysynyň inženerlere salgylanyp gürrüň bermegine görä, elektrik desgalaryny gyşa çenli abat tygşytlamak üçin üpjünçilige arakesme berilýär.

“Etrap merkezlerinde tok 2 sagat kesilip, 2 sagat berilýär. Oba ýerlerinde 10:00 – 18:00 aralygynda tok kesilýär” diýip, Azatlygyň habarçysy elektrik tok üpjünçiligindäki bökdençligiň dowamlylygyny aýdyňlaşdyrdy.

Onuň sözlerine görä, gaz edaralarynyň işgärleri hakykatdanam gyşa taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýdýarlar, ýöne olar anyk haýsy ýerlerde remont işleriniň edilýändigini aýdyp bilmeýärler.

Elektrik togunyň we tebigy gazyň üpjünçiliginde Daşogzuň Saparmyrat Nyýazow, Gurbansoltan eje, Görogly we Boldumsaz etraplarynda we olara degişli obalarda döreýän arakesme barada ýurduň köpçülikleýin maglumat serişdelerinde öňünden maglumat berilmedi.

Türkmenistanda sosial ýeňillikler, ýagny elektrik togy, gaz we suw 1993-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli ilata mugt berilýärdi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda mugt sosial ýeňillikleriň 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap doly ýatyrylmagy kararlaşdyryldy.

XS
SM
MD
LG