Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrandaky protestler tapgyr dördünji gün dowam edýär


Tähran, anna günündäki protestler
Tähran, anna günündäki protestler

Sosial medianyň berýän habarlaryna görä, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagynyň çäginde, Eýranyň birnäçe şäherinde 3-nji awgustda hem ýüzlerçe protestçi köçä çykdy.

Eýranlylar, ýurduň milli puly bolan raialyň barha beter hümmetiniň gaçyrmagynyň çäginde, inflýasiýanyň aşa ýokarlanmagyndan, ykdysady kynçylyklaryň köpelmeginden gahar edip, soňky birnäçe günde ýurduň dürli ýerlerinde proteste çykdylar.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna iberilen çeper höwesjeň wideolary Tähranda proteste çykan onlarça adamyň, ýurduň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýini nazara alyp, “Hameneýä ölüm” diýip gygyryşlaryny görkezýär.

Beýleki demonstrasiýaçylar bolsa wideoda “Eýranlylar, öz talaplaryňyzy gygyryp aýdyň” diýip gygyrýarlar.

Tähranyň merkezinde we paýtagtyň demirgazyk etraplarynda polisiýa gözegçiliniň berkidilendigi habar berilýär.

AÝ/AR-a iberilen başga bir çeper höwesjeň wideosynda bolsa, polisiýanyň Karaž şäherindäki protestçileriň öňüni alýan pursaty görünýär.

XS
SM
MD
LG