Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň şaýy metjidinde gurnalan goşa partlamada 35 adam öldürildi


Partlamadan soň görnüş

Owgan polisiýasy günorta-gündogar Owganystandaky şaýy metjidinde gurnalan goşa partlamada azyndan 35 adamyň öldürilendigini aýdýar.

Paktianyň gobernatory Şamim Khan Katawazi 4-nji awgustda ýaraly bolanlaryň 94 adamdygyny aýtdy. Olaryň 20 sanysynyň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Paktia welaýatynyň polisiýa başlygy Raz Mohammad Mandozai iki sany janyndan geçen bombaçynyň 3-nji awgustda welaýat paýtagty Gardezde Hawaja Hassan metjdiniň içine girip, öz partladyjy enjamlaryny ýarandyklaryny aýtdy.

Mandozai janyndan geçen bombaçylaryň çadyra bürenip gelip, metjide girmezden öň howpsuzlyk işgärlerini öldürendiklerini, soň dindarlary oka tutup, özlerini partladandyklaryny gürrüň berdi.

Paktia welýat polisiýanyň sözçüsi Sardar Wali Tabasun bu hüjümiň juma namazyndan soň gurnalandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG