Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Afrikada öldürilen rus žurnalistleriniň jesetleri Moskwa getirildi


Žurnalistleriň Merkezi öýünde MAR-da öldürilen žurnalistleri hormatyna gül çemenleri goýuldy. 31-nji iýul, 2018 ý.

Merkezi Afrika Respublikasynda (MAR) öldürilen üç rus žurnalistiniň jesetleri Fransiýanyň howa ýollarynyň uçary arkaly Parižden Moskwa getirildi.

“The FlightAware” websaýty uçaryň 5-nji awgustda, ýarygijeden biraz soň Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda gonandygyny habar berdi.

Fransuz howa ýollarynyň uçary merhumlaryň jesetlerini afikan topragyndaky Bangi şäherinden alyp gaýtdy.

Pidalaryň biriniň dosty Maksim Şewçenko döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugyna jesetleriň ilki morga (meýithana) eltilip, maşgalalaryna gowşurylmazyndan öň derňewçiler tarapyndan barlanyljakdygyny aýtdy.

Olara aýdylmagyna görä, Orsýetiň Derňew komitetine barlag geçirmek üçin iki gün gerek bolar.

BMG-niň MAR-daky parahatçylyk missiýasy ýerli häkimiýetlere bu ýurda harbylaşdyrylan rus topary barada dokumental film taýýarlamaga gelen žurnalistleriň öldürilişini derňemäge kömekleşýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG