Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrandaky protestler bäşinji gün hem dowam etdi, protest mahalynda adam öldi


Eýran, Şahinşahrdäki protestler

Ykdysady kynçylyklar sebäpli bildirilýän gahar-gazabyň güýçlenmegi bilen başlanan demonstrasiýalar demirgazyk Eýranda tapgyr bäşinji gün, media öldürilen birinji protestçi we şaýy seminariýasyna edilen hüjüm barada habar bereninden bir gün soň, 4-nji awgustda hem dowam etdi.

Sosial mediada çap edilen wideolar paýtagt Tähranda, Karaj, Şiraz, Meşed, Yspyhan we Kum şäherlerinde boldy diýilýän ýygnanyşyklary görkezdi.

Bu protest aksiýalary, prezident Donald Trampyň maý aýynda Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro yalalaşygyndan çekilmegi bilen, eýranlylaryň ABŞ sanksiýalarynyň dikeldilmegine garaşýan wagtynda bolup geçýär.

Protestçiler milli puluň hümmetiniň kesgin aşak gaçmagyndan, inflýasiýanyň aşa ýokarlanmagyndan we durmuş kynçylyklarynyň artmagyndan nägilelik bildirýärler.

Eýranyň "Fars" habar gullugy 4-nji awgustda Tährandan 50 km günbatarda ýerleşýän Karajda bolan protest mahalynda, gije geçip barýan maşyndan atylan ok netijesinde bir adamyň ölendigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG