Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany Kanadanyň ilçisini çykardy


Saud Arabystany. Illýustrasiýa
Saud Arabystany. Illýustrasiýa

Saud Arabystany Kanadany özüniň içerki işlerine goşulmakda aýyplap, bu ýurduň ilçisini çykarýandygyny, şeýle-de baglaşylmaly täze söwda we sermaýa şertnamalarynyň togtadylýandygyny mälim etdi.

Kanadanyň Riýadhdaky ilçihanasy adam hukuklary boýunça aktiwistleriň azat edilmegine çagyryş edenden soň, ýurduň Daşary işler ministrligi “Saud Arabystan patyşalygy... öz içerki işlerine goşulmagy kabul etmez” diýen mazmunly beýanat ýaýratdy.

Saud Arabysytany Kanada bilen baglaşylmaly ähli täze söwda we sermaýa şertnamalarynyň doňdurylýandygyny yglan etdi. Ol ilçiniň ýurtdan çykmagyna 24 sagat wagt berdi we özüniň Kanadadaky ilçisini yzyna çagyrdy.

3-nji awgustda Kanadanyň Daşary işler ministrligi beýanat ýaýradyp, onda Saud Arabystanynda jemgyýetçilik, esasan hem aýallaryň hak-hukuklary ugrunda hereket edýän aktiwistleriň tussag edilmegine alada bildiripdi.

XS
SM
MD
LG