Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo ABŞ-nyň Eýrana garşy täze sanksiýalary girizjekdigini tassyklady


​​5-nji awgustda Eýranyň döwlet telekanaly aprel aýyndan bäri öz hümmetiniň ýarpysyny ýitiren ryýalyň çökmegini bökdemek üçin hökümetiň walýuta alyş-çalyş düzgünini gowşatjakdygyny aýtdy.
​​5-nji awgustda Eýranyň döwlet telekanaly aprel aýyndan bäri öz hümmetiniň ýarpysyny ýitiren ryýalyň çökmegini bökdemek üçin hökümetiň walýuta alyş-çalyş düzgünini gowşatjakdygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar özüniň Eýranyň garşysyna gönükdiren täze sanksiýalar toplumyny şu gün, ýagny 6-njy awgustda yglan eder. Bu sanawda walýuta çäklendirmeleri ilkinji hatarda durýar.

Amerikanyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň žurnalistlere aýtmagyna görä, prezident Donald Tramp Eýran bilen dünýäniň güýçli alty döwleti arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro geleşiginden çekileninden soňra aýdyşy ýaly, Birleşen Ştatlar “bu sanksiýalary güýje girizer”.

Singapurda geçen sammitden soňra Waşingtona dolanyp barýan Pompeo belli bir wagty agzaman Ak tam sanksiýalaryň jikme-jigini 6-njy awgusta planlaşdyrylan yglannamada bildirer diýdi.

Ýöne amerikan resmileri Eýranyň hökümeti sanksiýalaryň bir bölegi hökmünde ir ertir 7-nji awgustdan beýläk amerikan dollaryny satyn alyp bilmez diýýärler.

Olaryň bellemegine görä, giň gerimli sanksiýalar ýurduň dürli senagatyny, şol sanda Eýranyň meşhur halylaryny-da öz içine alar.

Pompeo Tährana edilýän güýçli basyşdan “Eýranyň zyýanly işjeňligini yza serpikdirmek” maksat edinilýär diýdi.

Ol soňra hem eýran halky “öz ýolbaşçylarynyň beren ykdysady wadalaryny ýerine ýetirmegi başarmandygyndan närazy” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

“Munuň eýranlylaryň öz hökümetlerinden we prezidentlerinden närazydygy hakdadygy mese-mälim. Biz kimleriň öz liderleri bolmagy hakda eýran halkynyň güýçli sesiniň bolmagyny isleýäris” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary aýtdy.

Eýran täze sanksiýalardan gaça durup bilermi diýlen soraga bolsa, Pompeo: “Birleşen Ştatlar sanksiýalary güýje girizmekçi” diýip, jogap berdi.

Belli bir derejede ABŞ-nyň täze sanksiýalaryndan gorky zerarly Eýranyň ykdysadyýeti soňky aýlarda ýaramazlaşyp, ykdysady kynçylyklar sebäpli ýurduň dürli şäherlerinde protestler döredi.

Walýuta transaksiýasyna girizilmegi mümkin çäklendirmeler ýurduň puly ryýala agyr zarba bolup degdi.

5-nji awgustda Eýranyň döwlet telekanaly aprel aýyndan bäri öz hümmetiniň ýarpysyny ýitiren ryýalyň çökmegini bökdemek üçin hökümetiň walýuta alyş-çalyş düzgünini gowşatjakdygyny aýtdy.

Eýran häkimiýetleri şol güni ýurduň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary Ahmad Arakçini tussag etdiler. Ol walýuta söwdasynda bikanun işlere ýüz uranlykda aýyplanýar.

Adalat ministrliginiň metbugat wekili onuň ykdysady jenaýatlar diýilýan aýyplamalar bilen tutulmazyndan bir gün öň wezipeden çetleşdirilendigini bildirdi.

Ýadro programmasyny çäklendirmegiň deregine 2015-nji ýylda gelnen ýadro ylalaşygy Tähranyň sanksiýalardan çekýän kynçylygyny ýeňilleşdiripdi.

Tramp Eýran özüni ylalaşygyň ruhuna laýyklykda alyp baranok diýip, maý aýynda Birleşen Ştatlary bu ylalaşykdan çykaryp, Eýranyň garşysyna täzeden sanksiýa girizjekdigini aýtdy.

Soňky wagtlarda bolan ýakymsyz ritorika garamazdan, Tramp 30-njy iýulda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmagyň ýollary hakda pikir alyşmak üçin “öňünden şert goýmazdan” özüniň Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen duşuşmaga meýillidigini bildirdi.

Emma ondan bir gün soňra Eýranyň Daşary işler ministrligi bular ýaly gepleşikleriň “hiç bir ähmiýeti bolmaz”, ol diňe “kemsitme” bolar diýip, Trampyň teklibini ret etdi.

XS
SM
MD
LG