Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda polisiýa ýolbaşçysyny öldürmekde güman edilýän adamyň öz janyna kast edendigi aýdylýar


Içeri işler ministrliginiň gözegçilik gullugy we jemgyýetçilik howpsuzlygy boýunça baş müdirliginiň başlygy Dilşod Akramow
Içeri işler ministrliginiň gözegçilik gullugy we jemgyýetçilik howpsuzlygy boýunça baş müdirliginiň başlygy Dilşod Akramow

Özbegistanyň baş polisiýa ofiserini öldürmekde güman edilen adamyň keselhanada bolan wagtynda öz janyna kast edendigi habar berilýär.

Içeri işler ministrliginiň gözegçilik gullugy we jemgyýetçilik howpsuzlygy boýunça baş müdirliginiň başlygy Dilşod Akramow 4-nji awgustda öz edarasynda ýaraly tapyldy. Media maglumatlaryna görä, ol birnäçe gezek pyçaklanypdyr.

6-njy awgustda AÝ/AR bilen söhbetdeş bolan polisiýanyň wezipeli işgäriniň we Akramowyň garyndaşynyň adyny agzamazlyk şerti bilen aýtmagyna görä, Akramowa hüjüm etmekde ilkinji nobatda onuň goly astynda işlänleriň biri şübhelenýär.

AÝ/AR-nyň çeşmeleri Akramowy öldürmekde güman edilýän, emma ady agzalmaýan adamyň hüjümiň dowamynda Akramowyň goralmagynyň netijesinde özüne ýeten agyr ýaralary bilen Daşkentiň keselhanasyna düşendigini habar berdiler.

Akramowyň garyndaşynyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, hüjümçi bolmakda şübhelenen adam köp gatly binaly keselhananyň aýnasyndan böküp ölüpdir. Polisiýa ofiseri ganly wakanyň iki ofiseriň arasyndaky "şahsy mesele" bolandygyny aýtdy.

Özbegistanyň Içeri işler ministrligi bu ýagdaýy resmi taýdan kommentirlemekden boýun gaçyrdy.

Akramow öz wezipesine geçen aýda bellenipdi.

XS
SM
MD
LG