Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Eýrana garşy girizýän ýiti sanksiýalarynyň birinji tapgyry güýje girýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 2-nji awgustda Pensilwaniýada ýygnanan köpçüligiň öňünde çykyş edýär
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 2-nji awgustda Pensilwaniýada ýygnanan köpçüligiň öňünde çykyş edýär

Birleşen Ştatlaryň Eýranyň garşysyna gaýtadan girizýän sanksiýalarynyň birinji tapgyry güýje girdi. Waşington bilen Tähran hem agyr netijeli çäreler hakda birek-birege duýduryş bermegi dowam etdirýärler.

7-nji awgustda Tähran wagty bilen sagat sekiz otuzda güýje giren çärelerden maksat Eýranyň amerikan dollaryna bolan elýeterligini kesip, ýurduň esasy senagatynyň, şol sanda awtoulag, uçar, şeýle hem eýran halylarynyň söwdasyny basyp ýatyrmakdan ybarat.

Waşington sanksiýalaryň netijesinde dörän ykdysady kynçylyklary eýranlylaryň eýýäm görüp başlandygyny aýdýar. Tramp 2015-nji ýylda Eýran bilen dünýäniň güýçli döwletleri arasynda baglaşylan ýadro geleşiginden Birleşen Ştatlary çykarjakdygyny aprel aýynda yglan edeli bäri eýranyň puly ryýal öz hümmetiniň ýarpysyny ýitirdi.

Geleşigi “Eýranyň ýadro bombasyna tarap ähli ýollaryny baglamagy başarmadyk aýylganç, birtaraplaýyn ylalaşyk” diýip tankytlan Tramp özüniň gowy ylalaşyk diýýäni hakda Tähranyň ýolbaşçylary bilen göni gürleşmegi ýene bir gezek teklip etdi.

“Men režimiň ähli zyýanly işjeňlikleri, şol sanda onuň ballistik raketa programmasy we onuň terrorizmi goldamagy hakda has giň ylalaşyk üçin gürleşmäge açyk” diýip, Tramp aýtdy.

Ýöne Eýranyň prezidenti Hassan Rohani “bu bir manysyz zat” diýip, onuň bu teklibini şol bada ret etdi.

Rohani: “Sen duşman bolup, bir adamy pyçaklasaň, ondan soňra-da, gürleşmek isleýändigiňi aýtsaň, onda seniň ilkinji etmeli işiň eliňdäki pyçagy aýyrmakdyr” diýdi.

Rohani Birleşen Ştatlar ýadro geleşiginden çekilse-de, Ýewropa Bileleşigi, Orsýet, Hytaý we beýleki esasy söwda ýaranlarynyň sanksiýalary ýeňletmeginiň deregine Eýranyň ýadro işjeňligini çäklendirmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

“Biz sanksiýalara garamazdan beren sözümizden çykman, halkara ylalaşyklaryny hormatlaýandygymyzy subut ederis” diýip, Rohani aýtdy.

Eýranyň ýadro ylalaşygyna bagly galmak baradaky wadasyny Ýewropa Bileleşigi alkyşlap, 6-njy awgustda "blocking statute" kanunyny girizip, Amerikanyň täze sanksiýalary netijesinde jerimä uçramagy mümkin ýewropa bizneslerini gorajakdygyny bildirdi.

“Biz Ýewropanyň Eýran bilen kanuny söwda gatnaşygynda bolan ykdysady operatorleryny goramga kararly” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogerini aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi Eýran bilen söwda edýän kompaniýalary öz işlerini dowam etdirmäge ruhlandyrmak üçin başga çärelere-de ýüz ursa-da, ýüzlerçe ýewropaly we aziýaly kompaniýalar özleriniň Eýranyň bazarlaryndan çykýandyklaryny aýtdylar.

Sanksiýalaryň gaýdyp gelmegi Eýranyň öz içinde-de dartgynlygyň artmagyna getirdi. Soňky günlerde ýurduň pulunyň hümmetiniň peselmegi, suw ýetmezçiligi, bahalaryň ýokarlamagy şeýle hem syýasy düzgündäki korrupsiýa diýilýäne garşy dürli şäherlerde protestler turdy.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Trampyň göçümine global derejede görkezilen reaksiýa diplomatik taýdan “çetleşdirileniň” Tähran däl-de, Waşingtondygyny görkezýär diýdi.

Ýöne ol sanksiýalaryň ýurduň ysgynsyz ykdysadyýeti üçin “käbir päsgelçiliklere” getirmeginiň mümkindigini boýun alyp, bularyň “adaty eýranlylara howp abandyrýandygyny” belledi.

Sanksiýalaryň häzirki tapgyry awtoulag, haly, azyk harytlarynyň eksporty, şeýle hem Eýranyň import edýän grafit, alýuminiý, polat, kömür we käbir tilsimleri öz içine alýar. Mundan başga-da käbir uçarlary satyn almak Eýrana gadagan edildi.

Sanksiýalaryň ikinji tapgyry bolsa 5-nji noýabrda güýje girer. Munda hem Eýranyň nebit söwdasyny togtatmak göz öňünde tutulýar. Nebit söwdasy Eýranyň ykdysadyýetine uly goşant goşýan bölüm, onuň has köp zyýanlara getirmegi mümkin.

Eýrandan nebit alýan esasy ýurtlaryň birnäçesi, şol sanda Hytaý, Hindistan we Türkiýe özleriniň Eýrandan gelýän nebiti bütinleý kesmäge meýilli däldiklerini bildirdiler.

XS
SM
MD
LG