Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestlere garamazdan Bişkegiň täze häkimi ‘saýlandy’


Aziz Surakmatow
Aziz Surakmatow

Gyrgyzystanda köpçülikleýin protestlere garamazdan, Bişkegiň şäher geňeşligi paýtagtyň täze häkimini saýlady.

Çarşenbe güni geçirilen ses berlişikde, 44 agzalyk geňeşiň 43 wekili – häkimiýet başyndaky Sosial Demokratik partiýasy tarapyndan hödürlenen ýeke-täk dalaşgär – Aziz Surakmatowyň kandidaturasyny tassykladylar.

Bişkekde aktiwistler başga dalaşgärleriň hödürlenmändigine garşy eýýäm birnäçe hepde bäri protest geçirýärler.

Mundanam başga, aktiwistler 46 ýaşly Surakmatowyň gyrgyz dilini gowy bilmeýändigini öňe sürüp, bu wezipäni eýelemek üçin onuň hökmany ene dili synagyny geçmändigi hem bellediler.

Bişkegiň ozalky häkimi Albek Ibraýimow we onuň ozalky orunbasary Renat Makenow korrupsiýa aýypalamalary esasynda geçen aý tussag edilipdiler.

XS
SM
MD
LG