Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar täjik aktiwistiniň ýakynlarynyň ýurtdan çykarylmagyna çagyrdylar


Şabnam Hudoidodowa
Şabnam Hudoidodowa

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar täjik hökümetine ýüzlenip, garaşsyz aktiwistiň maşgala agzalaryna garşy girizilen “syýasy taýdan matlaplaşdyrylan syýahat gadagançylygynyň” aradan aýrylmagyna, şeýle-de dissidentleriň maşgala agzalaryna edilýän basyşlaryň bes edilmegine çagyrdylar.

Hukuk goraýjy toparlaryň 10-sy, şol sanda “Human Rights Watch” hem geçen hepde Şabnam Hudoidodowanyň 10 ýaşly gyzynyň, garry ejesiniň we agasynyň Täjigistanyň aeroportyndan yzyna gaýtarylandygyny aýtdylar. Olar aktiwist Hudoidodowa bilen birleşmek üçin, Ýewropa uçmalydylar.

Adam hukuklaryny goraýjylar täjik resmileriniň daşary ýurtdaky oppozisiýa aktiwistleriniň ýurtdaky ýakynlaryna dowamly basyş edýändiklerini hem belleýärler.

XS
SM
MD
LG