Makedoniýanyň polisiýasy Siriýada we Yrakda yslamçy jeňçileriň tarapynda söweşmekde güman edilýän ýedi adamyň tussag edilendigini aýtdy.
Içeri işler ministrligi sişenbe güni giçlik geçirilen operasiýada tussag edilenleriň ählisiniň Makedoniýanyň raýatlarydygyny, şeýle-de olaryň 24-31 ýaş aralygyndadygyny mälim etdi. Olara “daşary ýurt armiýalarynyň hatarynda söweşmekde” aýyplama bildiriler.
Tussag edilenleriň günäsi subut edilen halatynda, olara 10 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.
Makedoniýanyň 2 millionlyk ilatynyň üçden bir bölegini düzýän etniki albanlaryň aglaba bölegi musulmanlardyr. Emma, olar aram yslamy berjaý edýärler.
Ýerli resmiler 130 töweregi makedoniýalynyň “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň hatarynda söweşmek üçin, ýurdy terk edendigini çaklaýarlar.