Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German awtoläheňi “Daimler” ABŞ sanksiýalaryndan çekinip, Eýrandaky biznesini togtatdy


"Mercedes-Benz" logosy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranda işleýän islendik kompaniýany Birleşen Ştatlaryň ägirt uly bazar meýdançasynda zat satmakdan kesmegi wada bereninden birnäçe sagat soň, german awtoläheňi “Daimler” Eýrandaky biznes işlerini togtatdy.

"Biz mümkin bolan sanksiýalar bilen baglylykda Eýranda öňdenem çäkli bolan işlerimizi bes etdik” diýip, “Daimler” kompaniýasynyň sözçüsi 7-nji awgustda aýtdy.

Bu ädim “Daimleriň” Eýranda iki sany ýerli firma bilen bileleşip, “Mercedes-Benz” ýük maşynlaryny şol ýerde ýygnamak boýunça guran planlarynyň birden soňlanmagyna alyp gelýär

“Daimleriň” Trampyň gadaganlygy bozanlara temmi bermek haýbatyna gulak asyp, Eýrandaky işini togtatmagy Ýewropa Bileleşiginiň liderleri üçin-de oňaýsyzlyk döredýär, sebäbi olar Trampyň 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyny terk etmegine garamazdan, özleriniň Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasynda baglaşylan ylalaşygy sylap, iş gatnaşygynda bolmagy wada beripdiler.

Ýeropa Bileleşiginiň ýewropaly işewürleriniň Eýranda galmagyny hyjuwlandyrmak üçin gören çärelerine garamazdan, “Daimler” Birleşen Ştatlar bilen işleşmegiň hatyrasyna Eýrandaky işini bes eden ýewropa korporasiýalarynyň häzirlikçe iň soňkusy boldy.

Fransiýanyň “Total” nebit läňeňi, PSA we “Renault” awtoulag öndürijileri hem Eýrandan çykýandyklaryny aýtdylar, Ýewropanyňawiasiýa läheňi “Airbus” bolsa, Waşington sanksiýalary dikeltjekdigini yglan edeninden soň,bu ýurda uçar ibermegini togtatdy.

"Eýran bilen biznes edýän islendik kişi Birleşen Ştatlar bilen biznes etmeýär” diýip, Tramp 7-nji awgustda, Eýranyň awtoulaglaryna, uçarlaryna, pars halylaryna we beýleki pudaklaryna garşy girizilen “ozalda-ahyrda girizilen iň agyryly sanksiýalryň ilkinji tapgyryny yglan eden twitter beýanatynda aýtdy.

Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton “Fox Business” neşiri bilen 7-nji awgustda eden söhbetdeşligindeÝewropanyň esasy kompaniýalarynyň Eýrandan çykmaklaryny dowam etdirmegi ABŞ sanksiýalarynyň eýýämden işleýändigini görkezýär diýdi.

“Ýewropa hökümetleri şindi hem ýadro ylalaşygyna ýapyşýar, emma olaryň kärhanalary ondan başardyklaryça çalt gaçýarlar, bu amerikan sanksiýalarynyň hiç bir zada garaman öz işini bitirýändigini aňladýar” diýip, Bolton aýtdy.

"Iş adamlary bilýär. Olar Birleşen Ştatlar bilen işleşmek isleýär, onsoň eger Eýran bilen biziň aramyzda seçgi etmeli bolsa, bu olar üçin örän aňsat seçgi” diýip, ol aýtdy.

Uzak wagtdan bäri Eýrana garşy bolan Bolton, noýabrda güýje girjek we nebit söwdalaryny nyşana aljak ikinji tapgyr sanksiýalaryň Ýewropanyň Eýranyň nebit eksportyny saklap galmak tagallalaryny hem puja çykarjakdygyny çaklady.

Uly ýük kompaniýalarynyň eýran nebitini daşamak baradaky şertnamalaryny togtatmaklary bilen, Bolton ýewropa paýtagtlaryndaky, hususan-da Brýusseldäki býurokratlaryň eýran nebitini ýurtdan çykarmak üçin bedre edinmeli bolmaklarynyň ahmaldygyny aýtdy.

“Daimler” Tähranyň ýadro programmasy zerarly uzaga çeken sanksiýalardan soň Tährana ilkinji bolup dolanan uly ýewropa kompaniýalarynyň ilkinjileriniň biri boldy. Ol 2016-njy ýylda Eýranyň Khodro Diesel (IKD) we Mammut Group kompaniýalary bilen bileleşip, “Mercedes” ýük maşynlaryny öndürmek we satmak baradaky ylalaşyk hatyna gol çekipdi.

Emma “Daimler” 7-nji awgustda entek Eýranda maşyn öndürmek we satmak işine başlamandygyny, bu ýurtda ýolagçy maşynlaryny hem satmaýandygyny nygtady.

"Biz syýasy özgermelere, hususan-da ýadro şertnamasynyň geljegi bilen bagly üýtegşmelere ýakyndan syn etmegi dowam etdireris” diýip, “Daimler “ aýtdy.

Ýewropanyň esasy kompaniýalarynyň birnäçesi şindi hem Eýrandaky işini dowam etdirýärýa-da häzirlikçe belli bir karara gelip bilmeýär.

Turboprop uçarlaryny öndürýänATR şu hepde, Waşingtonyň sanksiýalaryndan öň, IranAir kompaniýasyna ýene bäş uçaryny eltip berendigini, ýöne Eýranyň tabşyran galan ýedi uçaryny eltmek üçin ABŞ-dan rugsat almakda kynçylyk çekýändiginiaýtdy.

Ýewropanyň derman öndürijileri bolan “Sanofi” we “Roche” hem häzirlikçe Eýran bilen işleşýärler, emma olaram Birleşen Ştatlaryň sanksiýa girizişine ýakyndan syn edýändiklerini aýdýarlar.

“Nestle” azyk kompaniýasy özüniň Eýrandaky işine ABŞ sanksiýalarynyň täsir ýetirmändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG