Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Çalyň elli öwüşgini”: Berdimuhamedowyň saçynyň reňki birden çala çalaryp başlady


Türkmenistanyň prezidentiniň çala çalarýan saçy. Resmi metbugatdan alnan surat
Türkmenistanyň prezidentiniň çala çalarýan saçy. Resmi metbugatdan alnan surat

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki hepdeden gowrak wagt bäri ýerli mediada hem-de metbugat serişdelerinde çala çalaran gara saçly keşbde çykyş edip başlady. Ondan ozal ýurduň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin media serişdelerinde Berdimuhamedowy görkezýän suratlar hem-de wideo şekiller ony doýgun gara saçly görkezýärdi. Berdimuhamedowyň täze keşbi barada Fransiýanyň “Agence France-Presse” (AFP) döwlet habar gullugy halkara jemgyýetçilige 2-nji awgustda habar berdi.

Читайте также на русском

“Ozalky Sowet Türkmenistanyň hökümdary özüniň meşhur gara saç boýagyndan arany açdy. Ýolbaşçylarynyň şahsy kulty bilen giňden tanalýan türkmen halky bu ädimi ýakyndan synlaýar” diýip, AFP habarda belleýär.

“Gurbanguly Berdimuhamedowyň penşenbe güni (26-njy iýulda) döwlet jarçysy - “Neýtralnyý Türkmenistanyň” baş sahypasynda çap edilen fotosuratynda onuň ýogyn, şar gara saçy, 2006-njy ýylda onuň hökümet başyna geçen gününden bäri ilkinji gezek, çal sepelenen görnüşde görkezilýär” diýip, Fransiýanyň döwlet habar gullugy ýazýar.

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň yzýany hökümet başyna geçen Berdimuhamedow, 2006-njy ýylda wezipä girişende döwlet telewideniýesinde saçyna çal giren keşbde görkezilipdi.

Metbugatdaky suratlardan çen tutulsa, wagtyň geçmegi bilen prezidentiň saçy garalmak bilen boldy. Indi bolsa oňa çala çal reňkiň öwüşgini çaýylýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň prezidentiniň çal saçynyň täze öwüşgini boýunça Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýere mikrofon uzatdy.

“Belki-de onuň döwletde portret biznesini ýöredýän dogan-garyndaşy bardyr. Biziň hemmämiz bilýäris, haçan-da [Türkmenistanda] prezidentiň keşbi täzelense hemmeler täzeden portret satyn alyp, ony iş ýerinde asyp goýmaly edilýär. [Çal saçyň täze öwüşgini], belki-de, şol biznesi janlandyrmagyň bir görnüşidir” diýip, Panniýer çala ýylgyryp söhbete girişdi.

Azatlygyň ýurduň içindäki söhbetdeşleriniň käbirleriniň sözlerine görä, ýurtda onsuzam wagtal-wagtal prezidentiň portreti täzelenip durýar.

“Ýöne bu meselä has çynlakaý çemeleşsek, meniň pikirimçe, Merkezi Aziýada jemgyýetiň gartaşan gatlagy, ýagny “Ak sakal” diýilýän çal sakally ýaşulylar il arasynda sylanýan adamlar bolýar. Prezidentiň çal saçy, onuň özüni başa togap edilmeli ýaşuly diýip görkezmek synanyşygy bolmagy mümkin” diýip, ekspert aýtdy.

Ol gürrüňe dowam edip, Berdimuhamedowyň ýuwaş-ýuwaşdan “dana ýaşulynyň” keşbine girmäge synanyşýandygyny çaklady.

“Kem-kemden, sebäbi onuň saçy heniz doly agarmady, ýa-da doly çalarmady” diýip, Panniýer belledi. Berdimhamedowyň saçynyň çal seçilen täze öwüşgini onuň dynç alyşdan dolanan günlerine gabat geldi.

Ol dynç alyşda agtygy Kerimguly bilen “Jan Türkmenistan” atly täze rep aýdymyny ýerine ýetirdi.

Şeýle-de prezident soňky ýyllarda agtyklary bilen has köp jemgyýetçilikde çykyş edip başlady. Onuň ýurduň syýasy sahnasynda işjeň rol oýnap başlan, ogly Serdara köpler prezidentiň oruntutary gözi bilen seredýär.

1999-njy ýylda ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň saçynyň reňkinde-de üýtgeşme bolupdy. Onuň saçynyň reňki ak reňkden ilki gyzyl-goňur reňke öwrülipdi. Nyýazow saçynyň reňkindäki üýtgeşmeleri 1997-nji ýylda ýüreginden operasiýa bolansoň, saçy düşüp hytaýly saç lukmanyna görünmegi, reňkdäki üýtgeşmeleriň bolsa şonuň netijesidigini aýdyp düşündiripdi.

Ýurduň ozalky prezidentiniň-de, häzirki prezidentiniň-de paýtagt Aşgabatda altyndan heýkelleri dikildi.

Hukuk goraýjy guramalar wagtal-wagtal Türkmenistandaky hukuk kemsitmeler barada çykyş edýär.

Türkmenistanda häzirki günlerde üstümizdäki sentýabr aýynda geçiriljek “Halk maslahatynyň” ilkinji mejlisine taýýarlyk görülýär. TDH-niň maglumatlaryna görä, bu barada düýnki geçirilen hökümet maslahatynda Mejlisiň başlygy prezidente hasabat berdi. Geçen ýyla çenli bu geňeşe “Ýaşulylar maslahaty” diýlip, oňa esasan, ak ýa-da çal sakally ýaşuly gatlak gatnaşdyrylýardy.

XS
SM
MD
LG