Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň ozalky premýer-ministriniň dogany bikanun ýarag edinmekde aýyplanýar


Ermenistanyň ozalky premýer-ministri Howik Abrahamian, 2016 v.
Ermenistanyň ozalky premýer-ministri Howik Abrahamian, 2016 v.

Ermenistanyň ozalky premýer-ministri Howik Abrahamianyň dogany bikanun ýarag edinmekde we saklamakda güman edilip, tussag edildi diýip, Ermenistanyň howpsuzlyk gullugy 8-nji awgustda aýtdy.

Ozal birnäçe gezek parlament agzasy bolan Henrik Abrahamian 3.2 million ilatly kawkaz ýurdunda birnäçe biznese eýeçilik edýän baý we täsirli maşgala degişli.

Bu häzirlikçe korrupsiýa we hökümetdäki tanyş-bilişlige garşy geçirilen köpçülikleýin protestlerden soň, maý aýynda saýlanan täze premýer-ministr Nikol Pashinianyň dolandyryşy astynda, korrupsiýa garşy ýaýbaňlandyrylan göreşiň çäginde tussag edilen adamlaryň iň soňkusy bolup durýar.

Milli howpsuzlyk gullugy 2014-2016-njy ýyllarda premýer-ministr bolan Howik Abrahamianyň emläginden, ozalky mehanika zawodyndan bir topar ýarag tapandygyny aýtdy.

Tapylan ýaraglaryň arasynda üç sany el pulemýoty, 74 tüpeň, iki mergen tüpeňi, ok-däriler bar diýip, beýanatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG