Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan, hasaba durmandyklary üçin, onlarça daşary ýurt telekanalynyň gepleşik bermegini gadagan etdi


Gazak telekanalyny[ logosy

Gazagystan, “täze hasaba alyş kanunyny berjaý etmändigi üçin”, 90-a ýakyn daşary ýurt telekanalynyň işlemek üçin berlen ygtyýarnamasyny yzyna aldy.

Maglumat we aragatnaşyk ministrligi 8-nji awgustda 88 telewision kanalyň, şol sanda NTV Plus 3D, Dožd, Russia Today, Spas, Rudest Moya, Nautical Channel, MUSICBOX, RU.TV, Fashion TV, Dožd, TNT-Comedy kanallarynyň hasaba alyş lisenziýalarynyň ýatyrylandygyny aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, bu telekanallara garşy görlen çäre olaryň 9-njy ýanwarda güýje giren täze kanun esasynda Gazagystanda alty aý içinde hasaba durup bilmezlikleri bilen bagly.

Şeýle-de beýanatda Gazagystanda gepleşiklerini berýän 219 daşary ýurt telekanalynyň täze kanun esasynda hasaba durandyklary we olaryň programmalarynyň Merkezi Aziýa respublikasynda elýeterli bolmagynda galjakdygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG