Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Ýakasyny tanadan jenaýatçy toparyň dört agzasy ömürlik tussaglyga höküm edildi


GTA toparynyň agzalary sud mahalynda, 9-njy awgust, 2018 ý.

Ýakasyny tanadan GTA jenaýatçy toparynyň dört agzasy, Moskwada uly ýolda adam öldürmekde we talamakda günäli tapylan tussaglar ömürlik bendilige höküm edildi.

Moskwanyň regional sudy 9-njy awgustda merkezi aziýaly dört erkege – Şerjon Koditow, Umar Hasanow, Anwar Ulugmuradow we Hazrathon Dadahonow daga berlen jeza hökümlerini çykardy.

Bäşinji aýyplanýan Zafarjon Gulýamowa bolsa, 20 ýyl türme tussaglygy berildi.

Bu bäş adam 17 ganhorlykda, iki ganhorlyk synanyşygynda, talaňçylykda, garakçylykda, bikanun galplaşdyrmada we ýarag saklamakda, ogurlykda günäli tapyldy.

Bu toparyň başlygy Ubaidullo Subhanow 2014-nji ýylda, polisiýanyň bu toparyň agzalaryny tutmak ugrunda geçiren operasiýasy mahalynda öldi.

GTA toparynyň bäş agzasy gaçmak synanyşygynda öldürildi, biri gaçjak bolanda ýaralandy.

XS
SM
MD
LG