Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň azyk dükanlaryna getirilýän ‘Ahal’ ýagynyň möçberi azalýar, nobatlar artýar


Aşgabadyň 11-nji etrapçasynda ýerleşýän “Şeker” azyk dükanynda gijeden “Ahal” ýagynyň nobatyna durýan ýaşaýjylar dükanyň açylmagy bilen biri-birisini itekleşip, öňe dyzap ugraýarlar. Bu ýerde başlanýar bir başagaýlyk, goh-galmagal. Ýaşaýjylar bir-birisini edil ýolmalaýjak bolýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, bir ele bir gapdan berilýän “Ahal” ýagynyň dükanlara getirilýän möçberi gün-günden azalýar. Ozal 2-3 sagada çekýän nobatlar indi bir sagatdan aýrylýar. Sebäbi satuwa çykarylýan “Ahal” ýagy sanagly adama ýetýär.

Gijeden dükanyň agzynda oturmaga her kimiň ýarawlygy bolmaýar. Sähel gijä galyp, daň atara golaý barsaň bolsa, eýýäm yzky nobatlara düşmeli bolýarsyň. Her gün gijesi bilen şol bir adamlar, ýagny “Ahal” ýagyny alyp-satýan zenanlar öňdäki nobatlary eýeleýärler. Yzyrakda nobata duranlara bolsa, ýag ýetmeýär.

Soňra alyp-satarlardan ýagy gymmat bahasyna dükanyň golaý-goltumynda hem satyn alyp bolýar. Işsizlik sebäpli gün-güzeranyny aýlap bilmeýän ýaşaýjylar, “Ahal” ýagynyň gytalmagyndan peýdalanyp, ýagy azyk dükanlaryndan öz bahasyna satyn alyp, soňra ony gymmat bahadan satyp, özlerine çörek puly gazanýarlar.

Ozal agşamdan nobat belläp sanaw düzýän ýaşaýjylar öz ýakynlaryna, çagalaryna, goňşularyna hem nobat belleýärler. Ir ertirden ýag satylyp başlanmanka nobata ýazan adamlaryny öz öňlerinde durzup, şeýle ýol bilen olar birnäçe gap ýag alyp bilýärler.

Aşgabatda azyk harytlarynyň nobatlary artýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:36 0:00

Şeýle-de, bir litrlik gaplanan bir gabynyň bahasy 3 manat 40 teňňe bolan “Ahal” ýagyny Aşgabadyň “Altyn-asyr” bazarynda 10 manatdan isledigiňçe satyn alyp bolýandygyny hem, aşgabatly Zöhre aýdýar.

Onuň sözüne görä, “Altyn-asyr” bazarynda satuwa çykarylýan 10 manatlyk ýagyň näme sebäpden bahasynyň gymmatdygyny soran halatyňda satyjylar: “Isleseň şu bahadan al, islemeseň gidiber, saňa zordan ýag satjak bolýan ýok” diýip, gödek jogap gaýtarýarlar.

“Degişli organ işgärleri 3 manat 40 teňňeden bolan ‘Ahal’ ýagynyň 10 manatdan satylyp durandygyny görýän däldirlermi? Onuň nireden gelip çykandygyny anyklamaga organ işgärlerinde ygtyýar ýokmy?” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Ahal” ýagyny öndürýän zawodyň bolsa, çig malynyň ýetmezçiligi sebäpli işini togtatmaga ýakyndygyny zawodyň işgärlerinden eşitse bolýar.

“Işgärleri tölegsiz dynç alşa ugratdylar. Täze pagta hasyly ýetişip, zawoda pagta çigidi gelip başlaýança, zawod doly güýjünde işläp bilmeýär. Galan-gaçan önümleri bilen işläp, Türkmenabadyň, Baýramalynyň ýag zawodlaryndan getirilýän ýagy, täzeden işläp, onuň ysyny aýryp, gaplap satuwa çykarýarlar. Täze hasyl ýetişýänçä ady agzalan beýleki zawodlarda hem, önüm saýhallanyp barýar” diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran “Ahal” ýag zawodynyň bir işgäri gürrüň berdi.

Dollaryň gara bazardaky nyrhy ýokarlansa, daşary döwletlerden getirilýän ösümlik ýaglary hem gymmatlaýar. Ätiýaçlyk alyp goýaýyn diýseň, ilatda artykmaç pul hem ýok. Şol sebäpli arzan önüm hasaplanýan bahasy 3 manat 40 teňňe bolan “Ahal” ýagynyň ugrunda ilat gije ýatanok diýip, ýaşaýjylar zeýrenýärler.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG