12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň sammitiniň kesgitlenen gün tertibi üç sany esasy meseläni öz içine alýar diýlip, Gazagystanyň daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda aýdylýar.
Maglumata görä, taraplar Hazar deňziniň statusyny, Hazar deňzinde ykdysadyýet we transport, ekologiýany we biologiýa resurslaryny goramak, howpsuzlyk bilen bagly hyzmatdaşygy, şeýle-de regional we halkara temalary ara alyp maslahat ederler.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça sammite Azerbaýjanyň, Eýranyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleri gelerler. Sammitiň netijesinde Hazar deňziniň statusy boýunça konwensiýa gol çekmek planlaşdyrylýar, diýlip resmi maglumatda aýdylýar.
Hazarýaka döwletleri deňziň statusyny 20 ýyldan gowrak wagt bäri kesgitläp bilmän geldiler.
Türkmenistanyň resmi mediasy Hazar deňziniň statusy boýunça konwensiýany işläp düzmek baradaky gepleşikler prosesiniň guramaçylyk-kanun formasynyň 1996-njy ýylda türkmen tarapynyň inisiatiwasy bilen kesgitlenendigini belledi.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!