Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan harbylary ABŞ-nyň howa güýçleriniň kömegi bilen "Talybanyň" hüjümine garşy durdular


Owganystanyň Gazni şäheri, 10-njy awgust, 2018.
Owganystanyň Gazni şäheri, 10-njy awgust, 2018.

"Talybanyň" ýüzlerçe söweşijisiniň Owganystanyň welaýat merkezine amala aşyran uly hüjüminde azyndan 14 sany owgan esgeri wepat boldy.

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri ABŞ-nyň howa güýçleriniň ýardamy bilen söweşijilere gaýtargy bermegi başardylar, diýip Owganystanyň we ABŞ-nyň resmileri aýtdylar.

Kabuldan günorta-gündogar tarapda 150 kilometr uzaklykda ýerleşýän Gazni şäherine 10-njy awgustda edilen bu hüjüm zerarly howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 20 agzasy ýaralanypdyr. Bu barada Gazni şäheriniň keselhanasynyň dolandyryjysy Baz Mohammad Hemat habar berdi.

Welaýatyň polisiýa ýolbaşçysy Farid Ahmad Maşalyň sözlerine görä, hüjüm günüň başynda şäheriň dürli böleklerine bir wagtda edilipdir. Maşal jemi 100 çemesi adama zeper ýetendigini, olaryň köpüsiniň söweşijilerdigini aýtdy, emma olardan näçesiniň wepat bolup, näçesiniň ýaralanandygyny anyklaşdyrmady.

Goranmak ministri Mohammad Radmanişiň sözlerine görä, goşunyň kömegi bilen polisiýa şäheri öz gözegçiligine almagy başarypdyr.

XS
SM
MD
LG