Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Monitor Orsýet bilen Gündogar Ukraina arasynda gatnaýan ýük maşynlarynyň wideosyny çap etdi


Ukraina, ÝHHG-nyň agzasy Kiýewde bronly maşynlaryň gowşurylmak dabarasyndan öň. Arhiw suraty.
Ukraina, ÝHHG-nyň agzasy Kiýewde bronly maşynlaryň gowşurylmak dabarasyndan öň. Arhiw suraty.

Gündogar Ukrainadaky resmi ýewropa gözegçilik missiýasy birinji gezek Orsýetden Ukraina we Ukrainadan Orsýete serhet goragçylarynyň ýok ýerinden, gizlin ýoldan araçäkden geçýän ýük maşynlar kerweniniň wideosyny çap etdi.

"Missiýanyň uzak aralyga uçýan adamsyz enjamy hapa ýoldan, serhet geçelgesiniň ýok ýerinden, Donetsk regionyndan hökümet tarapyndan kontrollyk edilmeýän künjekde, gijäniň ýarynda Ukraina girýän we çykýan ýük ulaglarynyň kerweini ýüze çykardy” diýip, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Ukraina üçin ýörite gözegçilik missiýasy 10 awgustda çap eden beýanatynda aýtdy.

Soň bu görlen ýük maşynlarynyň wideoýazgysy Youtubede çap edildi.

Pilotsyz dron tarapyndan ýazgy edilen wideo Orsýet tarapyndan goldanylýan seperatistler bilen gündogar Ukrainadaky hökümet güýçleriniň arasynda baglaşylan ýaraşyk düzgünleriniň yzygiderli bozulmagynyň dokumentleşdirilendigini, netijede bu konfliktde 2014-nji ýyldan bäri 10 müň 300-den gowrak adamyň öldürilendigini belleýär.

XS
SM
MD
LG