Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň kömür käninde dört adam öldi


Kwettanyň etegindäki kömür känleri. Arhiw suraty.

Pakistanyň kömür käninde metan gazynyň patlamagy netijesinde azydan dört magdançy öldi, 13-si hem dereksiz ýitdi.

Ýerli polisiýa hadysanyň ýekşenbe güni Kwetta şäherinden 50 km uzaklykdaky Sanjdi şäherinde ýüze çykandygyny mälim etdi. Dereksiz ýiten magdançylaryň hem heläk bolandygy çaklanylýar.

Pakistanda kömür känlerinde heläkçilikli hadysalar häli-şindi ýüze çykýar. Tankytçylar muňa howpsuzlyk şertleriniň berjaý edilmeýändiginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG