Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haj zyýaratyna giden bir türkmenistanly Mekgede ‘aradan çykdy’


Saud Arabystanynyň Mekge şäheri
Saud Arabystanynyň Mekge şäheri

Saud Arabystanyna haj zyýaratyna giden bir türkmenistanly Mekge şäherinde aradan çykdy diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmesi habar berýär.

Читайте также на русском

Belläp geçsek, bu Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri haj zyýaratynda türkmen raýatynyň wepat bolandygy barada halk köpçüliginde peýda bolan ilkinji habardyr.

“Daşoguzly mugallym Aşgabatdan Mekgä baran gününiň ertesi güni jan berýär. 70 ýaşyndaky mugallym welaýatyň Köneürgenç şäherinde ýaşaýardy. Ol ýogalan güni ikindin wagty Mekgedäki gonamçylykda jaýlanýar. Haj zyýaratyna baran adam jan berse, şol gonamçylykda jaýlanmaly eken” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna haj zyýaratyna giden mahaly Saud Arabystanynda ýogalan daşoguzly mugallymyň anyk şahsyýeti mälim bolsa-da, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Onuň tassyklamagyna görä, türkmen resmileri daşoguzly mugallymyň jynazasynyň okalan we Mekgedäki gonamçylykda jaýlanan pursatlaryny ýörite wideo ýazga düşürip, ony Türkmenistandaky dogan-garyndaşlaryna getirip görkezipdirler.

“Merhum mugallymyň dogan-garyndaşlary öýünde sadakalary berdiler” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan okyjylaryň biri gürrüňi edilýän mugallymyň Mekgede däl-de, Medine şäherinde ýogalandygyny we onuň şol ýerde hem jaýlanandygyny öňe sürdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçihanasy bilen habarlaşanda, bu maglumaty ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Belläp geçsek, her ýyl Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken permanyna görä, ýurduň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyna öz serişdeleriniň hasabyna türkmen zyýaratçylarynyň Saud Arabystanyna saparyny amala aşyrmak tabşyrylýar.

5-nji awgustda Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugy ýurduň ähli welaýatlaryna we paýtagta wekilçilik edýän türkmenistanlylaryň 153 sanysynyň haj zyýaratyny berjaý etmekleri üçin Mekge we Medine şäherlerine ugradylýandygyny habar berdi.

Resmi habarda bu ýyl hem prezidentiň buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylarynyň “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystanyna haja ugradylýandygy aýdyldy. Ýöne olaryň Saud Arabystanyna etjek saparynyň senesi we näçe gün bu ýurtda galjakdygy barada anyk maglumat berilmedi.

Geçen ýyl 17-nji awgust we 7-nji sentýabr aralygynda amala aşyrylan haj zyýaratyna türkmenistanlylaryň 160 sanysy ugradylypdy.

Dünýewi döwlet bolan Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri ýylda diňe 180 töweregi zyýaratçyny döwlet ýardamy bilen haj parzlaryny berjaý etmäge iberip gelýär.

Saud Arabystanynyň türkmenistanly zyýaratçylaryň sany boýunça kesgitlän kwotasynyň birnäçe müň adamdan ybaratdygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG