Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonyň polisiýasy ulagyny parlament binasynyň daşyna süren şübheli ‘terrorçyny’ tussag etdi


Ýaragly polisiýa işgäri
Ýaragly polisiýa işgäri

Bir adam ulagyny Britaniýanyň parlament binasynyň daşyndaky howpsuzlyk böwedine sürenden soň, “terrorçylyk aýyplamalarynda” tussag edildi diýip, Londonyň polisiýasy aýdýar.

14-nji awgustda Londonyň şäher polisiýasy ulag çaknyşygyna “terrorçylykly hüjüm” hökmünde çemeleşilýändigini we wakany derňemek işine Terrorçylyga garşy komandowaniýeniň ýolbaşçylyk edýändigini mälim etdi.

“Ulagyň erkek sürüjisi ofiserler tarapyndan wakanyň bolan ýerinde tussag edildi” diýip, britan paýtagtynyň polisiýasy 14-nji awgustda Twitter sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda aýtdy. Şeýle-de, wakada pyýada barýan birnäçe adamyň ýaralanandygy mälim edildi.

Polisiýa wakanyň bolan ýerinde ýaragyň ele salynmandygyny hem aýtdy.

Sosial mediadaky kadrlarda wakanyň bolan ýerine agyr ýaragly polisiýa igärleriniň gelýändigini we Londonyň merkezindäki parlament binasynyň töweregindäki territoriýanyň ýapylandygyny görse bolýar diýlip, “Reuters” habar agentliginiň maglumatynda bellenilýär.

Şeýle-de, wakanyň bolan ýerine tiz kömek we ýangyn söndüriji ulaglar hem bardy.

XS
SM
MD
LG