Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” owgan harby bazasyny basyp aldy, Gazny şäheriniň üstünde söweş dowam edýär


Owgan Milli armiýasynyň esgerleri we ulaglary
Owgan Milli armiýasynyň esgerleri we ulaglary

Owganystanyň demirgazygynda “Talyban” söweşijileri ýurduň Milli armiýasynyň operasiýa bazasyny basyp aldy. Ýurduň günortasynda bolsa, Gazny şäheriniň üstünde hökümet güýçleri bilen söweşijileriň arasynda barýan söweş tapgyr bäşinji gününe girdi.

Owgan Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Gafor Ahmad Jawediň aýtmagyna görä, 13-nji awgustda giçlik “Talyban” söweşijileri ýurduň demirgazyk welaýaty Farýabdaky Gormaç etrabynda ýerleşýän bazanyň kontrollygyny ele saldylar.

Jawed söweşde 17 owgan esgeriniň ölendigini we başga-da azyndan 19 sanysynyň ýaralanandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Owgan armiýasynyň metbugat wekili Mohammad Hanif Rezainiň sözlerine görä, 12-nji awgustda “Talyban” Çinaýa lageri diýlip tanalýan baza garşy hüjümlerine başlanda, onda 100 owgan esgeri bardy.

“Bazanyň duşmanyň gözegçiligine geçmegi bir betbagtçylyk” diýip, Rezai aýtdy.

XS
SM
MD
LG