Yrakda we Siriýanyň aglaba böleginde “Yslam döwleti” toparynyň harby ýeňlişigine garamazdan, bu ýurtlarda ekstremist toparyň ortaça 20 müňden 30 müňe çenli söweşijisi bar diýlip, Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatynda aýdylýar.
13-nji awgustda ýaýradylan hasabatda bu çaklamalaryň hökümetleriň maglumatyna esaslanýandygy bellenilýär. Ýöne onda gürrüňi gidýän hökümetler aýdyňlaşdyrylmaýar.
Söweşijiler Yrak bilen Siriýanyň arasynda deň paýlandy diýlip, “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” garşy sanksiýalara syn edýän ekspertleriň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine beren hasabatynda aýdylýar.
Ekspertleriň sözlerine görä, “Yslam döwletiniň” esasy söweşijileriniň köpüsi Owganystana ýerleşdi. Bu ýurtda toparyň 3,500-den 4000-e çenli söweşijisi bolup, olaryň sany barha artýar.
Eger ýurdtda aklowjyny ýada ýüristi öz hünär işi üçün türme basýan bolsalar onda ol döwletiň bahasy kör köpükdir!.