Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda okuw esbaplary azyndan iki esse gymmatlady


Türkmenistanyň mekdeplerinde okuwlaryň başlanmagyna iki hepde çemesi wagt galanda, ene-atalar Aşgabadyň bazarlarynda okuw esbaplarynyň bahasynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende azyndan iki esse gymmatlandygyny bilip galdylar.

Şu günler çagasynyň elinden tutup, okuw esbaplary satylýan, köçede gurnalan söwda nokatlarynda, bazarlarda aýlanyp ýören ene-atalary görse bolýar. Okuw esbaplaryny satýan dükanlaryň, olardaky harytlaryň möçberi hem ýeterlik. Emma dükanlaryň alyjysynyň sany welin juda az.

Ene-atalar alyjylaryň sanynyň azlygyny harytlaryň bahalarynyň juda gymmatlygy bilen düşündirýärler.

“Geçen ýyl bilen deňeşdireniňde mekdep okuwçylarynyň geýimleri, aýakgaplary üç esse, okuw esbaplary 4-5 esse ýokarlanypdyr. Ilatyň elinde bolsa pul ýok. Söwda nokatlaryna baranyň bilen eliňdäki puluň hiç zada ýetmeýär. Onsoň iň bir zerur bolan okuw esbabyny ýa okuwçy geýimini alyp gaýdýarsyň. Oňşar ýaly zat bolsa, geçen okuw ýylyndan galan zatlar bilen oňňut etdirmeli bolarys” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ene-atalaryň biri aýtdy.

Şol bir wagtda bolsa, geçen ýyl 20 teňňeden bolan okuwçy ruçkalarynyň bahasy bu ýyl 60 teňňeden, ozal 4 manat 50 teňňe bolan 12 sany gaplanan dürli galamyň bu ýyl 13 manatdan, öň 10 manatdan satylan 26 listi bolan umumy depderler häzir 25 manatdan, ozal 10 manat bolan penal häzir 23 manatdan bahalanýar.

Okuwçy aýakgaplarynyň, okuwçy oglanlar üçin kostýumlaryň, gyzlar üçin ak fartukdyr, ýaşyl penjegiň bahalarynyň hem, ölçegine görä, geçen ýylkydan iki-üç esse ýokary bahalanýandygyny, aşgabatly Sona daýza aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ady agzalan harytlar bu okuwçylar üçin iň zerur bolan harytlaryň käbir görnüşleridir. Okuwçylar üçin gerek bolan okuw esbaplarynyň sanawy uzyn. Okuwçyňa bir esbaby satyn alyp bereniň bilen ikinji bir esbap hem okuwça zerur. Okuw başlananda haýsy esbabyň ýok bolsa, şol hem çaganyň kemsinmegine getirýär.

“Ene-atalaryň şu günki alýan aýlyk-günlükleri okuwçysy bolan ene-atalara okuwçynyň zerur esbaplaryny almaga ýetmeýär. 800-1000 manat aýlyk häzir bir okuwçynyň zerur esbaplaryna zordan ýetýär. Onsoň maşgalaňa iýmek-içmäge zat galmaýar” diýip, Sona daýza käbir maşgalalarda iki-üç okuwçynyň hem bardygyny sözüne goşýar.

Onuň aýtmagyna görä, okuw esbaplaryny satýan söwda nokatlarynda harytlaryň bahalary hem ýazylyp goýulmandyr. Satyjylar harytlardan gerek bolan zatlary bir ýerden alsaň, harytlaryň bahalaryny ep-esli arzanladyp berjekdiklerini aýdýarlar.

“Olar arzanladýarmy ýa ýok, oňa hem göz ýetirmek kyn. Sebäbi harytlaryň bahalary ýazylyp goýulmaýar. Onsoň haýsy dükanda harydyň arzanrakdygyny, haýsy harydyň bahada tapawut berýändigini hem bilip bolmaýar. Aýdylan bahadan zerur harydyňy alyp gaýdybermeseň alajyň ýok” diýip, ol bu ýerde satyjylarda hem günäniň ýokdugyna ünsi çekýär.

Telekeçiler dollary gara bazardan satyn alyp, haryt getirýärler. Olar hem kähalatlarda dollaryň gara bazardaky nyrhynyň üýtgäp durmagy bilen zyýan çekýän wagtlarynyň hem bolýandygyny aýdýarlar.

Ene-atalar bolsa, barja puluny nämä ýetirjeklerini bilmän, elenip ýörler diýip, ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG