Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary-Lebap magistral ýolunyň ugrunda adam pidalaryna getiren ýol hadysalary boldy


Ewakuator heläkçilige uçran ulagy alyp gidip barýar, Aşgabat, 24-nji noýabr, 2013-nji ýyl. (Illýustrasiýa suraty)
Ewakuator heläkçilige uçran ulagy alyp gidip barýar, Aşgabat, 24-nji noýabr, 2013-nji ýyl. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň dürli künjeklerinden awtoulag heläkçilikleri barada habarlar gelip gowuşýar. Azatlygyň ýurduň içindäki habarçylary Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky ýygjamlaşýan soňky pajygaly wakalar barada habar berýärler.

13-nji awgust güni Mary – Lebap magistral ýolunyň 200-nji kilometrinde, ýagny Türkmenabat şäherinden takmynan 50 kilometr aradaşlykda ýol heläkçilik hadysasy boldy. Ulag heläkçiliginde adam ýitgileri hem boldy.

“[Bu wakada] ‘Leksus’ kysymly ýeňil ulag bilen ‘Opel Zafira’ kysymly awtoulag sagatda 175 kilometr bilen ýokary tizlikde biri-birini garama-gary gelip urýar. Netijede, [maşynlaryň içindäki] 8 adam hadysanyň bolan ýerinde jan berýär. 2 adam Tiz kömek bilen äkidilip, Lebap keselhanasynyň reanimasiýa bölümine ýatyrylýar. Olaryň ýagdaýy agyr” diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy maglumat berdi.

Ol şol bir magistral ýoluň ugrunda soňky iki günüň dowamynda ikinji gezek ýüze çykan ýol heläkçiligi barada maglumat berdi.

“14-nji awgust güni gije sagat 2:00 - 3:00 töwereklerinde Mary – Lebap aralygynda kireý edýän “Toýota Awalon” kysymly ýeňil maşyn Türkmenabat şäherine 15 kilometr golaýlanda, tizligini saklap bilmän köçäniň gyrasyndaky bordýura agdarylýar. Ulagdaky 3 adam şol ýerde, 2 adam bolsa Lebap hassahanasynda jan berýär” diýip, habarçy aýtdy.

Ol pajygaly ýol heläkçilikleriniň ýurduň demirgazyk welaýatynda-da köpelýändigini habar berdi.

“Şeýle wakalar soňky bir hepdede Daşoguzda hem köpeldi. Bir hepdäniň içinde Daşoguzda maşyn hadysasyndan 8 adam öldi, 15 adam agyr şikes alyp keselhanada bejergi alýar” diýip, habarçy belledi.

Onuň habar bermegine görä, ýol hadysalarynyň ýygjamlaşmagy raýatlarda dürli soraglary döredýär.

Azatlygyň habarçysy raýatlaryň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň inspektorlarynyň ýol açýan korrupsiýa hadysalaryndan nägilediklerini habar berdi. Şeýle-de, onuň sözlerine görä ýerli ýaşaýjylar ýollaryň ugrunda foto-radar oturdylmagyna isleg bildirip, bu ýagdaýyň ölümçilikli ýol hadysalarynyň belli bir derejede öňüni aljakdygyna ynanýar.

Habarçy ençeme ulag sürüjisiniň sözlerine salgylanyp, soňky döwürde köpelýän heläkçilikli ýol hadysalaryny ýurtda dowam edýän ykdysady durgunlyk bilen gönüden göni arabaglanyşygynyň bardygyny belledi:

“Adamlar maşynlarynyň rezin tekerlerini we beýleki şaýlaryny wagtynda çalşyp bilmeýär. Ähli zat gymmatçylyk” diýip, ol aýtdy. Habarçy ýagdaýyň şeýledigine özüniň gözli şaýat bolýandygyny aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň köpçülikleýin media serişdelerinde ýurtdaky adam pidalaryna getirýän pajygaly ýol hadysalary barada maglumat berilmeýär.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal apreliň ortasynda Aşgabadyň etegindäki Gökdere jülgesine barýan ýolda bolup geçen awtobus heläkçiligi we onuň netijesinde wepat bolan 17 pida barada Azatlygyň habarçylary maglumat beripdi. Ýurduň döwlet mediasynda bu hadysa barada agzalmady.

XS
SM
MD
LG