Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulyň aňtaw türgenleşik merkezine hüjüm edildi


Hüjümiň amala aşyrylan ýeri, Kabul, 15-nji awgust, 2018

Owganystanyň resmileri ýaragly adamlaryň Kabulyň aňtaw türgenleşik merkezine hüjüm edendigini habar berdiler.

Polisiýanyň ofiseri Abdul Rahmanyň 16-njy awgustda aýtmagyna görä, hüjümçiler Owganystanyň paýtagtynyň günbatar böleginde ýerleşýän Milli howpsuzlyk müdirliginiň gözegçiligindäki binada bukuda gizlenipdir. Polisiýa resmisi ýaraglylaryň binany oka tutandygyny aýtdy, emma näçe adamyň hüjüme gatnaşandygyny mälim etmedi.

Kabulyň polisiýasynyň metbugat-wekili Haşmat Stanekzai hüjümçileriň raketa atyjy we beýleki ýaraglary ulanandygyny belledi.

Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, hüjümiň bolan ýerine ýörite bölümler iberilipdir. Bu hüjümiň öňüsyrasynda Kabulda şaýylaryň köplük bolup ýaşaýan etrabynda bolan bomba partlamasynda azyndan 34 adam wepat boldy we 56 adam ýaralandy.

"Talyban" topary bu hüjümiň jogapkärçiligini ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG