Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin Hazar sammitinden soň Berdimuhamedowy kabul etdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (s), Soçi, 15-nji awgust, 2018

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Soçide kabul etmegi tebigy resurslara baý Hazar deňziniň statusy boýunça köp garaşylan konwensiýa gol çekilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

15-nji awgustda Orsýetiň Gara deňziň boýundaky kurort şäherinde geçirilen duşuşygyň başynda "ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin bähbitli ähli meseleleri" maslahat etmek isleýändigini mälim etdi. Resmi däl gepleşikleriň öňüsyrasynda Kreml gepleşiklerde "ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli meselelerine", şol sanda "energiýa dialogynyň mümkinçiliklerine" degiljegini habar beripdi.

Soçidäki duşuşykdan üç gün öň 12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Putin we Berdimuhamedow Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň prezidentleri bilen bilelikde nebit-gaza baý Hazar deňziniň kanuny statusy we bölünişigi boýunça konwensiýa gol goýdular. Ýurtlaryň Hazar deňziniň bölünişigine degişli özara dawasy 20-dan gowrak wagt uzaga çekipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG