Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haja iki milliondan gowrak zyýaratçynyň gelmegine garaşylýar


Haj zyýaratçylary.
Haj zyýaratçylary.

Şu ýyl Saud Arabystanyna haj zyýaratyna iki milliondan gowrak musulmanyň gelmegine garaşylýar.

Yslamyň bäş şertiniň biri bolan haj zyýaraty şu ýyl 19-24-nji awgust aralygynda geçer.

Penşenbe güni elýeterli bolan maglumatlara görä, Saud Arabystanyna eýýäm 1,6 million zyýaratçy gelipdir.

Bu aralykda, Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugy ýurduň ähli welaýatlaryna we paýtagta wekilçilik edýän türkmenistanlylaryň 153 sanysynyň haj zyýaratyny berjaý etmekleri üçin Mekge we Medine şäherlerine ugradylýandygyny habar berdi.

Mundan öň, Azatlyk Radiosy Saud Arabystanyna haj zyýaratyna giden bir türkmenistanlynyň Mekge şäherinde aradan çykandygy barada maglumat beripdi.

XS
SM
MD
LG