Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik prezidenti Özbegistana bardy


Täjik we özbek liderleri Daşkendiň aeroportynda.
Täjik we özbek liderleri Daşkendiň aeroportynda.

Täjik prezidenti Emomali Rahmon Özbegistana sapar edýär. Bu iki ýurduň arasyndaky dartgynly gatnaşyklary gowşatmak ugrunda edilen uly ädim hökmünde häsiýetlendirildi.

Anna güni Rahmony Daşkendiň aeroportynda özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşylady. Iki lider soňy bilen ýapyk gapylaryň aňyrsynda gepleşikleri geçirdiler.

Özbek prezidentiniň metbugat edarasy bu duşuşygyň “taryhy” bolandygyny, şeýle-de onuň dowamynda "iki ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin meseleleriň gysga wagtyň içinde çözülendigini” aýtdy.

Mundan öň, Mirziýoýew Täjigistana mart aýynda sapar edipdi.

Täjik lideri soňky gezek Özbegistana resmi sapar bilen 1998-nji ýylda bardy.

XS
SM
MD
LG