Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki türkmen migrantlary türk lirasynyň 'çökmeginden çykalga gözleýärler'


Türkiýe, dollaryň nyrhy. 10-njy awgust, 2018.
Türkiýe, dollaryň nyrhy. 10-njy awgust, 2018.

Türkiýede ykdysadyýet 9-njy iýulda prezidentlik dolandyryşyna geçileninden bäri barha ýaramazlaşyp, türk lirasynyň dollara görä hümmetiniň gaty peselmegine getirdi. Dollaryň bahasy şol mahal 4,60 türk lirasyna barabardy.

Awgust aýynda ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen ýurtda dollaryň bahasy birden çalt depginde gymmatlamaga başlady. Bir dollaryň bahasy soň 7 türk lirasyndan geçdi. Netijede, türk lirasynyň dollara görä hümmeti hepdelik ýüzden 27, bu ýylyň başyndan bäri hem ýüzden 45 göterim pese gaçdy.

Türkiýede dollaryň aşa gymmatlamagy diňe ýerli halka däl, eýsem bu ýurtdaky türkmenistanly migrantlara hem öz oňaýsyz täsirini ýetirdi.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolýan türkmen migrantlarynyň belli bir bölegi indi aýlyk haklary walýutadan hasaplananda has ýokary bolan ýurtlara gitmegiň ýoluny gözläp başlandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri“ gepleşiginiň bu sanyny Türkiýede dollaryň gymmatlamagyna türkmenistanly migrantlaryň bildiren reaksiýalaryna we gözleýän çykalgalaryna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi we pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Türkiýedäki türkmen migrantlary türk lirasynyň 'çökmeginden çykalga gözleýärler'
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00


XS
SM
MD
LG