Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk, rus, eýran liderleri diýdimzor günäleme oýnuny oýnaýarlar 


Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan öz ýurdunda ykdysadyýeti, mediany we goşuny berk kontrollyk astyna alyp, häkimiýeti tasdan öz monoliýasyna öwürdi.

Ýöne awtokrat lider ýurdy aljyraňňylyga salýan pul krizisinde we ykdysady kynçylyklarda daşary ýurtly “dildüwüşijileri” we içerki zyýankeşleri günäledi.

Türk syýasatynda ilki premýer ministr, 2014-nji ýyldan bäri bolsa prezedent bolup, 15 ýyldan gowrak wagt bäri agalyk etmek bilen, Erdogan milli pul birligi liranyň birden hümmetini gaçyrmagynda “sosial mediadaky ykdysady terrorçylary” we Birleşen Ştatlar, NATO ýaranlygy tarapyndan guralan “syýasy, gytaklaýyn dildüwüşigi” günäledi.

Erdoganyň öjükdiriji sözleri geňirgendirdi, emma bu dyzmaç lider mundan öň hem arkasyny diwara dirände köplenç başgalary günälemek oýnuny oýnaýardy.

Ol 2016-njy ýylda başa barmadyk döwlet agdarylyşygynda, hiç bir subutnamasy bolmasa-da, Birleşen Ştatlarda ýaşaýan ruhany Fethullah Güleni günäledi. Şondan soň ol Türkiýede Güleniň goldawçysy diýilýänleriň garşysyna, on müňlerçe adamy içine alan köpçülikleýin arassalaýyş çärelerini geçirdi. Hukuk toparlary munuň başga pikirlileri bogmak üçin bahana bolandygyny aýtdylar.

Emma Erdogan öz şowsuzlyklaryndan ünsi sowmak üçin aldygyna içerki we daşarky duşmanlary günäleýän ýeke-täk diýdimzor lider däl.

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem öz ýurtlarynyň ykdysady we syýasy işlerinde Günbatar “dildüwüşiklerini”, bäşinjisütünçileri we “daşary ýurt agentlerini” günäledi.

"Edenli adam günäkär tapmaga has-da mätäç bolýar” diýip, Stambulda ýaşaýan syýasy synçy Gareth Jenkins aýdýar."Bu ýa başga ýurt, başga etniki topar, ýa-da dini azlyk, tapawudy ýok, olaryň hemişe günäni üstüne atara we bolýan ýalňyşlyklary öz üstünden sowara ýeri bolmalydy. Sebäbi bu olaryň ähli häkimiýeti öz ellerinde jemlemek tebigatynda, zandynda ýatyr”.

'Ykdysady uruş'

Türk lirasy, Türkiýäniň ykdysady krizise düşmek gorkusy arasynda, dollaryň garşylygynda rekord derejede gymmatyny ýitirdi. Waşington bilen gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy bolsa, türk pulunyň hümmetiniň gaçmagyny has-da tizleşdirdi we onuň hümmetiniň şu ýylda 45 prosent peselemegine getirdi.

Waşington Türkiýede tussag edilen we terrorçylykda aýyplanýan amerikan pastory sebäplitürk hökümetiniň iki ministrine garşy sanksiýa girizdi, şeýle-de Waşington geçen hepde türk demir önümleriniň importynyň tariflerini ýokarlandyrdy.

Erdogan muňa jogap edip,Türkiýäniň “ykdysady urşuň” nyşanasy bolandygyny aýtdy we çöküp barýan lirany goldamaga synanyp,türkleri öz dollarlaryny we ýewrolaryny satmaga çagyrdy.

"[Liranyň] ähli hümmetsizlenmesini we durnuksyzlygyny hüjüm bilen düşündirmek ýerlikli bolmasa gerek” diýip, Türkiýede ýaşaýan ykdysatçy we Stambuldaky Ykdysadyýet we daşary syýasat barlaglary merkeziniň geňeş agzasy Jan Selçuki (Can Slecuki) aýdýar. "Liranyň hümmetsizlenmeginiň hakyky ykdysady sebäpleri bar. Munuň üstüne ABŞ bilen aradaky dartgynlyklary hem goşsaň, ýokary derejedäki durnuksyzlygyň sebäbi belli bolýar.”

Ykdysatçylar Ankara ýokarlanýan inflýasiýany (hümmetsizlenişi) gowşatmak üçin göterim tölegleriniň derejesini ýokarlandyrmaly diýýärler, emma Erdoganmunuň yslama laýyk gelmeýändigini aýdýar. Ol göterim tölegleriniň derjesiniň galdyrylmagy hümmetsizlenmegiň güýçlenmegine sebäp bolýar diýýär, ykdysatçylaryň köpüsi muny ret edýär.

"Ähli zadyň Erdoganyň eliniň astyna getirilmegi zerarly biziň institutlarymyz çagşady” diýip,Jenkins aýtdy. “Erdogan daş-töweregini diňe özüne “hä-hawa” diýýän adamlardan dolduranyndan soň, biziň öňden gelýän tejribämiz dargady, ýene bir problema bolsa, onuň ykdysadyýet barada öz ideýalary bar we şolar arkaly hem türk ykdysady syýasaty ýöredilýär.”

Erdoganyň taktikalary Eýranda we Orsýetde ulanylan usullaryň gaýtalanmasy bolup durýar, diýdimzor liderler tarapyndan dolandyrylýan regional döwletler ulgamlaýyn korrupsiýada we dolandyryş ýalňyşlyklarynda aýyplanýar. Edil Ankara ýaly, Tähran bilen Moskwa hem öz bulaşyklyklarynda daşarky güýçleri aýyplaýarlar.

Aýatolla Ali Hameneýi
Aýatolla Ali Hameneýi

Eýrany 1989-njy ýyldan bäri dolandyrýan Hameneýi ýurtdaky möhüm döwlet meseleleriniň ählisine kontrollyk edýär, emma ol ýurduň ykdysady krizisinde, milli pul birligi rialyň hümmetini ýitirmeginde we agyr ykdysady şertler sebäpli möwjeýän anti-hökümet protestlerde daşary ýurtly “duşmanlary”günäkärledi.

Hususan-da ol Ysraýyly, - “sionistleri” we “şeýtançy” Birleşen Ştatlary günäkärledi.

Emma ykdysatçylar, Birleşen Ştatlaryň sanksiýalarynyň problemalary çuňlaşdyrandygyna garamazdan,Eýranyň ykdysady kynçylyklarynyň köpüsiniň özüne dahyllydygynyaýdýarlar. Eýranyň ykdysadyýeti agyr döwlet kontrollygy astynda saklanylýar, nebit-gaza garaşly we nyrh kontrollygy we subsidiýalar ýüküniň astynda ýegşerýär.

"Eýran hökümetiazat bazaryň özüş üçin zerur bolan gurluş reformalaryny we liberallaşdyrmalaryny amala aşyrmagyň hötdesinden gelmedi” diýip, Baltimordaky Jon Hopkins uniwersitetiniň ykdysatçysy Stiw Hänki aýdýar. "Ykdysadyýet [1979-njy ýyldaky] Yslam rewolýusiýasyndan bäri durşuna ýalňyş dolandyryldy. Eger ol ýerde uly reformalar geçirilse, ykdysadyýetde ägirt uly galkynyş we çalt ösüş bolar”.

Rus prezidenti Wladimir Putin
Rus prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň eksporta garşly ykdysadyýeti 2014-nji ýylda, haçanda dünýä nebit bahalary arzanlanda we Ukrainanyň Krym ýarymadasyny ýaragly ele geçirip, gündogar Ukrainadaky urşa meçew bereninden soň, Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalary zerarly çökgünlige düşdi.

Emma Putin rublyň wagt-wagthümmetini gaçyrmagyny we soňky ýyllaryň ykdysady durgunlygyny, Kremliň häsiýetlendirişine görä, Günbataryň “Orsýeti eglemek we gowşatmak” synanyşygyndan gördi hem-de synçylaryň köpüsiniň nädogry ykdysady dolandyryş we Moskwanyň ýurduň nebit-gaz eksportyna aşa garaşlylygyny azaltmak barada aýdan sözlerini eşitmezlige saldy.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG