Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky kriket ýyldyzy Imran Han Pakistanyň premýer-ministrligine kasam etdi


 Imran Han
Imran Han

Ozalky kriket ýyldyzy Imran Han, öz partiýasy geçen aýda gapma-garşylykly ýeňiş gazanandan soň, Pakistanyň premýer-ministrligine girişmek barada kasam etdi.

18-nji awgustda Yslamabatda guralan we milli telewideniýede görkezilen dabarada edilen wezipä girişmek kasamyny prezident Mamnoon Hussain kabul etdi.

65 ýaşyndaky Han bu wezipä 17-nji awgustda Milli Assambleýada guralan ynam ses berişliginde tassyk edildi. Onuň indi, partiýasy parlament köplügine zerur bolan 172 orny alyp bilmänsoň, koalisiýa hökümetini düzmegine garaşylýar.

"Men adamlara we Alla maňa üýtgeşiklik getirmek üçin şu mümkinçiligi berendikleri sebäpli sag bol aýtmak isleýärin” diýip, Han parlamentde bolan ses berişlikden soň sözlän sözünde aýtdy. “Men bu ýurdy talanlaryň her birinden jogap soraryn” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG