Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow Türkmenistana sapar eder


Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň geljek hepde Türkmenistana etjek saparyna taýýarlyk görülýär.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde aýdylmagyna görä, ýokary derejede geçiriljek nobatdaky gepleşikleriň gün tertibine dostlukly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklar bilen bagly meseleleriň giň topary giriziler.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow mejlisde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny dörediji döwletleriň baştutanlarynyň 24-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek duşuşygyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi we prezident Žeenbekowyň hem şu duşuşyga gatnaşmagyna garaşylýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, saparyň jemleri boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we bar bolan mümkinçiliklere laýyk gelýän täze sepgitlere çykarjak ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.

Prezident Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gyrgyzystan bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň we giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG