Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Görnükli türkmen kompozitory Rejep Allaýarow aradan çykdy


Rejep Allýarow, "Türkmenistanyň Hronikasynyň" fotosuraty

Görnükli türkmen kompozitory, ussat sazanda, professor Rejep Allaýarow 82 ýaşynda Aşgabatda aradan çykdy.

Ençeme ýyllap Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň rektory, Kompozisiýa kafedrasynyň professory bolup işlän Rejep Allaýarow, studentleriniň ýatlamagyna görä, öz okuwçylaryny hiç wagt “özümiňki” we “özümiňki däle” bölmändir, onuň konserwatoriýa rektor bolan ýyllary bolsa türkmen konserwatoriýasynyň güllän döwri bolupdyr.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Rejep Allaýarow 1936-njy ýylda Tagta etrabynyň Bedirkent obasynda dünýä inýär, 1969-njy ýylda Moskwa konserwatoriýasyny tamamlaýar, 1974-1977-nji ýyllarda meşhur kompozitor K.Karaýewiň ýolbaşçylygynda aspiranturada okaýar, onuň döreden sazlary milli koloriti we täze kompozitorçylyk usullary bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, R.Allaýarow soňky wagtlarda agyr keselli bolup, awgust aýynda Aşgabatda aradan çykdy we Daşoguzda, dogduk topragynda jaýlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG