Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşylýan iki million musulmanyň ilkinji tapgyry haj zyýaratyna başlady


Käbäniň altyn gapysyny elleýän zyýaratçylar. Mekge, 17-nji awgust, 2018.

Garaşylýan iki million musulmanyň ilkinji tapgyry, dünýäde iň çalt ösýän diniň bäş parzynyň birini berjaý etmek üçin, 19-njy awgustda Saud Arabystanyndaky haj zyýaratyna goşuldy.

Her bir musulmanyň, eger mümkinçiligi bolsa, ömründe azyndan bir gezek haj zyýaratyna gitmegi zerur hasaplanylýar.

Soňky hepdelerde dindarlar dünýäniň çar künjeginden Mekgä geldiler, olaryň köpüsi "Labayk Allahuma Labayk" ýa-da "Alla, men geldim, seniň çagyryşyňa jogap edip, şu ýere geldim” diýip gygyrýar.

Musulmanlar haj zyýaraty Muhammet pygamberiň, şeýle-de Ybraýym pygamberiň we Ysmaýyl pygamberiň geçen ýollaryny geçmek diýip hasaplaýarlar. Soňky iki pygamber Injilde Abraham we Işmaýyl diýip tanalýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG