Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen Ierusalimde geçjek gepleşikde esasy tema Eýranyň ýarag programmasy bolar diýýär.
Bolton 19-njy awgustda beren beýanatynda: “Eýranyň ýadro programmasy, onuň ballistik raketa programmalary global kynçylyklaryň sanawynda iň ýokary orunda durýar” diýdi.
Netanýahu hem jogap berip, “Eýranyň regiondaky agressiýasyny yza serpikdirmek we onuň hiç haçan ýadro ýaragyny edinmezligini kepillendirmek boýunça” özüniň hemişe gepleşige garaşyp gelendigini aýtdy.
Bolton Eýranyň ýadro programmasy barada prezident Donald Trampyň administrasiýasyndaky berk tutumlylaryň biri hasaplanýar.
Tramp ýarag programmasy we Orta Gündogardaky jeňçi toparlary goldamak diýýäni barada Eýranyň “öz hereketlerini” üýtgetmelidigini dowamly aýdyp gelýär we bu barada Tährana basyş etmegi güýçlendirmegiň ýollaryny agtarýar.
Tramp Eýran bilen dünýäniň güýçli döwletleri arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan maý aýynda çekilip, ylalaşyk boýunça ýatyrylan sanksiýalary gaýtadan girizdi.
Boltan Ysraýyla sapar etmezden öň Birleşen Ştatlarda “ABC” telekanalyna beren interwýusynda özüniň Eýranyň Siriýadaky gatnaşyklary hakda Ysraýylyň lideri bilen pikir alyşmagy planlaşdyrandygyny mälim etdi. Birleşen Ştatlar bilen Ysraýyl Siriýada barýan raýat urşunda Eýranyň prezident Başar al-Assady goldamagyna bütinleý garşy.
“Birleşen Ştatlaryň maksady, Ysraýylyň maksady – prezident Putin munuň Orsýetiň hem maksadydygyny aýtdy – Eýrany, Eýranyň ýaragly güýçlerini, eýranly söweşijileri, Eýranyň tarapdarlaryny hem Siriýadan, hem-de Yrakdan çykarmak, Eýranyň Hizbullaha berýän goldawynyň soňuna çykmak” diýip, Bolton aýtdy.
Ol Trampyň ýadro ylalaşygyndan çekilip, sanksiýalary gaýtadan girizmegi “Eýranyň ykdysadyýetini kyn ýagdaýa saldy”, Tähranyň Orta Gündogarda “bozgunçylykly işleri amala aşyrmak” ukybyny çäklendirdi diýdi.
Bolton Ukraina we Ženewa hem sapar etmekçi. Onuň 23-nji awgustda Ženewada ors kärdeşi Nikolaý Patruşew bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Bolton bilen Putiniň howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Petruşewiň duşuşygy iýulda Tramp bilen Putiniň arasynda Helsinkide bolan duşuşykdan soňra ilkinji resmi duşuşykdyr.
2014-nji ýylda Orsýet Ukrainanyň Krym ýarym adasyny bikanun özüne birikdireninden soňra Ýewropa Bileleşigi Patruşewi özüniň sanksiýalar sanawyna aldy.
Birleşen Ştatlar hem Patruşewiň garşysyna 2018-nji ýylyň aprel aýynda sanksiýa girizdi.