Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: “Talyban” Moskwadaky gepleşiklere gatnaşar


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.

Owganystanyň “Talyban” hereketiniň wekilleri geljek aý Moskwada geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşarlar diýip, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow aýtdy.

Lawrow “Talybanyň” wekillerine 4-nji sentýabrda geçiriljek gepleşiklere gatnaşmak baradaky çakylygyň ugradylandygyny, şeýle-de “ilkinji jogabyň oňaýly bolandygyny” mälim etdi.

“Talyban” tarapyndan muňa häzirlikçe hiç hili reaksiýa bolmady.

Owganystanyň Moskwadaky ilçisi “Talybanyň” gepleşiklere goşuljakdygy baradaky habary gowy garşylady.

“Talybanyň” liderleri owgan hökümetiniň parahatçylyk gepleşiklere başlamak tekliplerini ret edip gelýärler. Olar onuň deregine ABŞ bilen gönümel gepleşiklere çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG