Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolton: Türkiýe pastory boşatsa, liranyň krizisi gutaryp biler


 ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton.

Eger-de Türkiýe tussaglykdaky ABŞ-ly pastory azat etse, onda onuň milli pul birliginiň krizisi “dessine” gutaryp bilerdi diýip, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton aýtdy.

Waşington türk türmesinde saklanylýan pastor Andrew Kraig Brunson sebäpli Ankara garşy sanksiýalary we täze tarifleri girizdi. Munuň netijesinde, geçen hepde türk lirasy hümmetsizlendi.

Brunsona içalyçylyk we terrorizm bilen ilteşikli aýyplamalar bildirilýär. Eger-de ol günäli tapylsa, oňa 35 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Bruson häzir 1,5 ýyl türmeden soň, öý tussaglygynda saklanylýar.

Türk prokurorlary Brunsonyň häzir ABŞ-da ýaşaýan türk ruhanysy Fethullah Gülen bilen ilteşiginiň bardygyny aýdýarlar. Ankara Güleni 2016-njy ýylda başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda durmakda aýyplaýar.

Brunson özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

“Ynha, serediň türk hökümeti pastor Brunsony goýbermän uly ýalňyşlyk etdi” diýip, Bolton Ysraýyla edýän saparynyň dowamynda “Reuters” habarlar gullugyna interwýu berdi.

XS
SM
MD
LG