Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ-nyň Tährana garşy agressiýasynyň güýçlenýändigini öňe sürüp, muňa jogap hökmünde ýurduň harby mümkinçiliklerini artdyrjakdygyny aýtdy.
Rohani telewideniýede eden çykyşynda Eýranyň harby kuwwadynyň Waşingtonyň oňa hüjüm etmeginiň öňüni alýandygyny belledi.
“Duşman Eýrana hüjüm etmegiň bahasynyň uly boljakdygyny bilmelidir. ABŞ näme üçin bize garşy hüjüm etmeýär? Sebäbi, ol munuň netijelerini bilýär” diýip, Rohani çykyş etdi.
Ak Tamyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton “Reuters” habar agentligine beren interwýusynda ABŞ-nyň Eýran bilen harby konflikt islemeýändigini, muňa derek ykdysady sanksiýalaryň üsti bilen Tähranyň Ýakyn Gündogardaky, şol sanda Siriýadaky we Ýemendäki konfliktlerden çekilmegini gazanjak bolýandygyny aýtdy.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!