Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Golliwudyň iň köp isleg bildirilýän 10 aktýory


Siziň üçin hem Dueýn Jonson (Dwayne Johnson) soňky wagtlarda ýygy-ýygydan köp göze ilýän ýaly dälmi? Hawa, siz mamla. Çünki soňky üç aýda aktýoryň iki kinofilmi rowaçlyk gazandy we ýene bir filmi bolsa şu wagt kinoteatrlarda görkezilýär.

"USA Todaý" gazeti Golliwudyň iň köp talap edilýän aktýorlarynyň onlugynyň sanawyny taýýarlady. Bu sanawda Jonsondan başga 2018-nji ýylda çykan we 2019-njy ýylda çykjak filmde oýnan Tiffani Haddiş (Tiffany Haddish) we bu döwürde alty sany kinoda surata düşen Marko Robbiniň hem ady bar.

Belläp geçsek, sanawda orun alan 3 zenandan biri bolan T.Haddişi bolsa geçen tomus hiç kim tanamaýardy.

1. Jeýms Franko

Geçen ýylyň dekabrynda "The Disaster Artist" kinofilminde surata düşen aktýor bu rola görä komediýa ugry boýunça "Golden Globe" baýragyna mynasyp bolupdy. Ol maý aýynda bolsa "Future World" filminde rol alypdyr. Ýöne bu film "Rotten Tomatoes" (Çüýrük pomidorlar) internet sahypasynda tankytçylaryň güýçli hüjümine duçar boldy.

Owalky göreşçi pälwanyň rol alan iň girdejili kinosy bolsa "Spider-Man 3" (2007) atly filmdir. Filmiň girdejisiniň 151,1 million dollara barabar bolandygy aýdylýar.

2. Dueýn Jonson

Jonsonyň surata düşen iki sany gyzykly filmi "Skyscraper" we "Rampage" häzir kinoteatrlarda görkezilýär. Onuň oýnan iň girdejili kinosy bolsa 147,2 million dollar girdeji getiren "Furious 7" (2015) filmi boldy.

3. Oktawiýa Spenser

O.Spenser geçen ýyl "The Shape of Watter" atly kinosynda ýerine ýetiren ikinji derejeli roly üçin üçünji gezek Oskar baýragyna dalaşgär görkezilipdi.

Ol 2017-nji ýylda ýene iki kinoda, ýagny "Gifted" we "The Shak" atly filmlerde surata düşüpdi. Aktrisanyň rol alan iň girdejili kinosy bolsa 75,1 million dollar gazandyran "Zootopia" (2016) atly filmdir.

Spenser ABŞ-da milletparazlyk we ulumsylyk meselelerinden söz açýan "Lýuçe" atly oýunda baş gahrymanyň mugallymasy rolunda oýnamakçy.

Ondan başga-da, ol "Instant Family" atly komediýa filminde sosial işçi roluny ýerine ýetirer.

4. Marko Robbi

Geçen ýyl M.Robbi "I.Tonýa" atly kinoda esasy roly, "Gudbaý Kristofer Robin" atly filmde bolsa ýazyjy, meşhur Winni Puluň başdan geçirenlerini ýazan A.A. Milniň ýanýoldaşy bolan Dafnany oýnapdy.

Aktrisanyň rol alan iň girdejili kinosy 133,7 million dollar gazandyran "Suicide Squad" (2016) atly filmdir.

5. Nikolas Keýj

N. Keýjiň jüpüne düşen filmleri has köp bolup, olar 1980-nji, 1990-njy we 2000-nji ýyllarda bolupdy. Emma muňa garamazdan, Golliwudda oňa häzir hem diýseň köp isleg bildirilýär. Aktýor fewral aýynda "Looking Glass" trillerinde, tomsuň öňüsyrasynda bolsa "211" atly filmde surata düşüpdir.

Keýjiň oýnan iň girdejili kinosy bolsa 45,4 million dollar girdeji getiren "Ghost Rider" (2007) atly filmdir.

6. Tiffani Haddiş

T. Haddiş has köp geçen tomusky "Girls Trip" atly kinodaky Dina roly bilen tanalýar. Onuň surata düşen "Uncle Drew" atly filmi bolsa häzir kinoteatrlarda görkezilýär.

Onuň iň girdejili kinosy bolsa 31,2 million dollara barabar bolup, ol "Girls Trip" (2017) atly filmdir.

7. Wudi Harrelson

Ol "Solo: A Star Wars Story" diýen kinoda eýmenç Bekketi oýnapdyr. "Three Billboards Outside Edding, Missouri" atly kinoda oýnan polisiýanyň ýolbaşçysy Uilloubi roly bolsa, onuň üçünji gezek Oskar baýragyna dalaşgär görkezilmegine sebäp bolupdy.

Onuň oýnan iň girdejili kinosy bolsa 158,1 million dollar gazandyran "The Hunger Games: Catching Fire" (2013) atly filmdir.

8. Jonni Depp

Tomaşaçylar ony gaty köp filmden tanaýar. Ýöne onuň iň girdejili kinosy 2006-njy ýylda surata düşürilen "Pirates of the Caribbean: Dead Men Tell No Tales" atly filmdir. Kinonyň kassadan gazandyran girdejisi 135,6 million dollardyr.

9. Kris Prett

Ol bu tomus "Jurassic World: Fallen Kingdom" atly kinoda Ouen Kreýdi roluny, "Avengers: Infinity War" atly filmde bolsa Piter Kwil roluny oýnady.

Onuň iň girdejili kinosy bolsa 257,7 million dollar gazandyran "Avengers: Infinity War" (2018) atly filmdir.

10. Tom Henks

Aktýor Oskara dalaşgär görkezilen "The Post" atly kinoda "The Washington Post" gazetiniň redaktory Ben Bredli we "The Circle" atly filmde tehnologiýa firmasynyň başlygy Beýlin rollaryny ýerine ýetirýär.

Onuň oýnan iň girdejili kinosy bolsa 110,3 million dollar gazandyran "Toy Story 3" (2010) atly filmdir.

XS
SM
MD
LG