Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Parižiň eteginde iki adam öldürildi, YD hüjümi öz üstüne aldy


Fransiýanyň polisiýasy eli pyçakly adamyň Parižiň eteginde iki adamy öldürendigini we birini agyr ýaralandygyny habar berdi, Trappes, 23-nji awgust, 2018

Fransiýanyň polisiýasy eli pyçakly adamyň Parižiň eteginde iki adamy öldürendigini we birini agyr ýaralandygyny habar berdi.

Parižden günbatarda ýerleşýän Trappes şäherçesinde 23-nji awgustda bolan bu hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" (YD) ekstremist topary öz üstüne aldy, emma hiç hili subutnama bermedi.

Şol bir wagtyň özünde-de Fransiýanyň Içeri işler ministrligindäki çeşmeler öldürilen iki zenanyň hüjümçiniň ejesi we dogany bolandygyny habar berdiler.

Parižiň etegindäki ýerli häkimiýetler hüjümçiniň "zyýansyzlandyrylandygyny we ölüdigini" tassykladylar.

Bu hüjüm YD toparynyň öz lideri Abu Bakr al-Baghdadidigi aýdylýan adamyň ses ýazgysyny ýaýratmagynyň yzýany ýüze çykdy. 54 munutlyk ses ýazgyda toparyň tarapdarlary tutuş dünýäde hüjümleri dowam etdirmäge çagyrylýar.

22-nji awgustda YD toparynyň "al-Furqan fondy" atly media guraly tarapyndan ýaýradylan ses ýazgy Baghdadiniň 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda öz tarapdarlaryny islendik ýarag bilen duşmanlary öldürmek barada eden çykyşyndan soň ilkinjisidir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG