Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiprde gurnalan türkmenistanlylaryň gijesinde migrantlar pyçaklaşdy


Demirgazyk Kipr

Kipriň we Türkiýäniň media serişdeleriniň beren habaryna görä, adanyň demirgazygynda öňňin, ýagny 21-nji awgustda türkmenistanly migrantlaryň gurnan gijesi gandöküşlik bilen gutarypdyr. Özara uruşdan dört türkmenistanly raýat saklanyp, kazyýete çykarylypdyr.

"Kipr” habar gullugy wakanyň Güzelýurt şäherçesiniň Akçaý diýen ýerinde 21-nji awgustda gije sagat 23:30 töwereginde bolandygyny habar berýär.

"Hawadiskybrys" neşiriniň ýazmagyna görä, gije aşa alkagolly içgi içen türkmenistanly Döwletgeldi Bazarow, Ahmet Zaýytow, Şawkat we Farhat Hamraýew dagynyň arasynda turan uruşda Bazarow pyçak çekip, Zaýytow bilen Hamraýewi ýaralapdyr.

Wakadan soň olar saklanyp, gijäni polis merkezinde geçiripdir. Polisiýanyň soragynda hem olar günäsini boýun alypdyr.

Güzelýurt polisiýa müdirliginiň işgäri Said Sanjak metbugata beren beýannamasynda, uruşda Bazarowyň ýanyndaky pyçak bilen Zaýytowyň arkasyndan, Hamraýewiň döşünden ýaralandygyny habar berdi. Ol ýaralananlaryň Nikosiýanyň döwlet hassahanasynda bejergi alandan soň goýberilendigini aýtdy.

Urşan türkmenistanly migrantlar 22-nji awgustda Nikosiýanyň kazyýetine çykarylypdyr. Sülçi Rahat Kürşad, derňew doly tamamlanýança urşa gatnaşan dört türkmen migrantynyň ählisiniň daşary ýurda çykmagyny gadagan edipdir.

Suda gatnaşan polisiýa işgäri Said Sanjak hem sülçüden, Kipriň demirgazygynda zähmet rugsady bilen işleýän ol türkmenistanly migrantlaryň kepillik pul ýatyryp, deslapky kazyýet diňlenşigine çenli goýberilmegini talap edipdir. Şeýlelik-de, olar häzirlikçe tussaglykdan goýberilipdir.

Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda habarlaşan, Kipriň demirgazygynda okaýan we işleýän, şol gijeki çärä gatnaşyp waka şaýatlyk eden käbir türkmenistanly raýatlar hem metbugatdaky maglumatlary tassyklaýarlar. Olar adamlaryň “keýpine sogan dogran” özara urşuň hemmeler tarapyndan ýazgarylandygyny hem aýdýarlar.

Ýatlap geçsek, Demirgazyk Kipr türk respublikasynyň Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşygy bolmany üçin köne pasportly raýatlar ol ýerde ýaşaýyş we zähmet rugsatlaryny alyp bilýärler. Bilermenler aýtmyşlaýyn bu bolsa olaryň adada aşa köpelmegine getirýär. Migrantlaryň aşa köplügi hem olaryň kriminal işlere ilteşmegine sebäp bolýär.

Belläp geçsek, ähli synanşyga garamazdan Demirgazyk Kiprli degişli resmilerden urşa gatnaşan türkmenistanly migrantlaryň ykballary barasynda jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG