Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazada AHHG-a agza ýurtlaryň baştutanlarynyň sammiti geçirildi


Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky Kongres merkezinde
Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky Kongres merkezinde

Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky Kongres merkezinde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) agza ýurtlaryň baştutanlarynyň sammiti geçirildi.

Читайте также на русском

Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň 24-nji awgustda beren maglumatyna görä, bu sammite gatnaşmak üçin Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana bardy.

Sammitiň öňýanynda, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gazagystanyň liderleri bilen ikiçäk gepleşikleri geçirdi.

Mundan soň bäştaraplaýyn gepleşiklere başlanyp, onuň barşynda giň gerimli meselelere, şol sanda Aral problemasy boýunça bilelikde işleşmegiň perspektiwalaryna garalmagyna garaşylýar diýlip, resmi metbugatyň sammitiň öňüsyrasynda ýetiren habarynda bellenildi.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasy 1993-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Daşkentde esaslandyrylypdy. Onuň maksady Aral basseýnindäki sosial-ykdysady we ekologik ýagdaýlary gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Bu gazna 2017-2019-njy ýyllarda Türkmenistan ýolbaşçylyk edýär.

2017-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Araly halas etmek boýunça halkara gaznanyň Ýerine ýetiriji komiteti döredilipdi.

Bu komitet öz işini Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Düzgünnamasyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we onuň guramalarynyň derejesi hakynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleriniň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda amala aşyrýar.

Awazada AHHG-a agza ýurtlaryň baştutanlarynyň sammiti geçirildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:49 0:00

Bu maglumat Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat gullugyndan alnan wideo esasynda taýýarlandy.

Aral boýunça regional derejede “Awazada” geçirilýän sammite gabatlap, Azatlyk Radiosy Türkmenistandaky wakalardan we tendensiýalardan habar berýän “Hronika Türkmenistan” neşiriniň baş redaktory Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy:

“Dogrudan-da, Aral problemasy tutuş Merkezi Aziýa regionyny ynjalykdan gaçyrýar. Mysal üçin, şu ýyl regionda duzly tozan turdy, bu barada siz-de, beýleki çeşmeler-de habar berdiňiz. Regionda turan şol duzly tozan Aralyň ýetirýän täsiriniň netijesidir” diýip, Tuhbatullin aýtdy.

Ol Aral problemasy boýunça halkara jemgyýetçiliginiň alada edýändigini, ýöne iş ýüzünde edilýän işleriň welin ýabygorlydygyny aýtdy.

“Bir tarapdan halkara jemgyýeçtiligi munuň aladasyny edýär; Araly alas etmek boýunça Halkara gazna döredildi, bir topar çäre geçirildi, ýöne iş ýüzünde bitirilen hakyky işler juda az. Şonuň üçin bu problema entek uzak wagtlap daşky gurşawa, regionda ýaşaýan adamlaryň jan-saglygyna oňaýsyz täsir eder. Ýöne her niçik-de bolsa, ýolbaşçylar, iň azyndan, bu mesele boýunça ynjalyksyzlygyny beýan edýärler. Ýagny ýurt baştutanlary duşuşyk geçirýärler; bu meselä ekspertleri, alymlary çekýärler, şu zatlaryň özi hiç zat etmezlikden gowudyr. Olar barlag geçirip berjaý ediljek rekomendasiýalary işläp düzerler diýip umyt edesiň gelýär” diýip, Tuhbatullin Wenadan telefon arkaly gürrüň berdi.

Maýyň aýagynda Aralyň üstünde turan gaý regionda duzly tozan turuzdy. Bu çal tozan Türkmenistanyň demirgazyk welaýaty Daşoguzda hem-de gündogar welaýaty Lebapda has-da ýiti duýuldy, ekin meýdanlaryny örtdi.

Bu barada türkmen mediasynda habar berilmedi, ýöne tebigy hadysanyň yzýany, 29-njy maýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi metbugatda maglumat çap edip, ilaty tozanly howada özüňi alyp barmagyň düzgünleri bilen tanyşdyrdy.

Как строили суда на Арале
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:56 0:00

Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň ýazmagyna görä, şu günki duşuşykda sözlän sözünde prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky suw hem-de daşky gurşaw meselelerini halkara hukuk normalaryna laýyklykda, şeýle-de regiondaky ähli ýurtlaryň bähbitleri göz öňünde tutulyp çözülmegini goldap çykyş edýändigini aýdypdyr. Ol suwdan aýawly peýdalanmak boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň oba hojalyk pudagyny ösdürýändigini; bugdaý, pagtda we beýleki ekinleriň hasyllaryna oňyn goşant goşýandygyny aýdypdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ençeme türkmenistanly daýhan we oba-hojalyk bilermenleri ýurduň ekerançylyk ýerlerinde suwarym suwlarynyň ýiti ýetmezçilik edýändigini habar berýärler.

XS
SM
MD
LG