Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýa-Gersogowina orsýetli ýazyjynyň ýurda girmegini gadagan etdi


Orsýetli ýazyjy Zahar Prilepin
Orsýetli ýazyjy Zahar Prilepin

Bosniýa-Gersogowinanyň häkimiýetleri orsýetli ýazyjy Zahar Prilepiniň ýurda girmegini gadagan etdiler. Bu hereket bosniýaly serb liderleriniň we Orsýetiň Saraýewodaky ilçihanasynyň gaharly reaksiýa bildirmegine getirdi.

23-nji awgustda ýaýradylan beýanatda rus ilçihanasy Prilepiniň Serbiýa bilen Bosniýanyň arasyndaky Raka serhet geçelgesinden yzyna ugradylmagyna “aladalanma bildirip, özüniň ýiti lapykeç bolandygyny” mälim etdi. Şeýle-de, beýanatda bu mesele boýunça rus ilçihanasynyň Bosniýanyň Daşary işler ministrliginden düşündiriş sorandygy hem aýdylýar.

Bosniýaly serb lider Milorad Dodik ýazyjy Prilepine garşy girizilen gadagançylygyň “masgaraçylykly, kabul ederliksiz bolandygyny” aýtdy.

Prilepin özüniň 24-nji awgustda Serb respublikasynyň administratiw merkezindäki Banja Luka sebitinde edebiýat çäresine gatnaşmagy planlaşdyrandygyny mälim etdi.

Prilepiniň gündogar Ukrainada hökümet güýçlerine garşy söweşýän Russiýa tarapdar separatistler bilen ilteşigi bar.

Rus ýazyjysy özüne garşy girizilen gadagançylygyň, onuň gündogar Ukrainada dowam edýän konfliktdäki roly bilen ilteşikli bolup biljekdigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG