Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Ukrainadaky çaknyşyklarda bäş ukrain esgeri öldi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Gündogar Ukrainada Russiýa tarapdar separatistler bilen hökümet güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda bäş ukrain esgeri öldi we başga-da ýedi sanysy ýaralandy.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň 23-nji awgustda beren maglumatynda munuň soňky bir aýyň dowamynda ukrain esgerleriniň öldürilmegi bilen bagly iň köp ýitgili waka bolandygy mälim edildi.

Ukrain resmileriniň maglumatyna görä, esgerleriň dördüsi gündogar Luhansk regionynda seperatistleriň hökümet güýçlerine minomýotlar bilen ot açmagy netijesinde dörän we bäş sagat dowam eden söweşde heläk boldy.

Şol bir wagtyň özünde, separatistler özleriniň hökümet güýçleri tarapyndan edilen hüjümlere gaýtawul berendiklerini aýtdylar.

“AFP” habar agentligi Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Dmytro Gutsulýaka salgylanyp, bäşinji esgeriň konflikt zonadaky başga bir ýerde amala aşyrylan artilleriýa hüjüminde öldürilendigini habar berdi.

2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Kiýew güýçleri bilen ýurduň Luhansk we Donetsk regionlarynyň käbir böleklerine kontrollyk edýän separatistleriň arasyndaky söweşde 10,300-den gowrak adam öldi.

Minsk şertnamalarynyň bir bölegi hökmünde ok atyşygy bes etmek barada kabul edilen ylalaşyklar başa barmady. Minsk şertnamalary konflikti çözmek maksady bilen 2014-nji ýylyň sentýabrynda we 2015-nji ýylyň fewralynda kabul edilipdi.

23-nji awgustda Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ukrain güýçlerine ýokary-kalibr artilleriýa oky bilen hüjüm edilendigini aýtdy.

“Ruslar... ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy bozup, biziň harby güýçlerimiziň pozisiýalaryna hüjüm etmäge synanyşýarlar” diýip, Poroşenko belledi.

Şeýle-de, ukrain prezidenti Luhansk we Donetsk regionlaryndaky konflikti gysga wagtda çözjekdigi barada 2014-nji ýylda beren wadasy üçin halkdan ötünç sorady.

“Halk muňa gysga wagtda urşuň soňuna ýetmek üçin bir mümkinçilik hökmünde garady. Men aşa uly tama döredenim üçin gynanýaryn. Men sizde häzire çenli hakykata öwrülmedik umydy döredenim üçin çyn ýürekden ötünç soraýaryn” diýip, Poroşenko aýtdy.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň gündogar Ukrainadaky separatistlere berýän goldawy hem-de 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň Krym regionyny bikanun anneksiýa etmegi sebäpli Moskwa garşy sanksiýalaryň ençemesini güýje girizdi.

Russiýanyň gündogar Ukrainadaky pitneçileri ýarag, goşun we ok-däri bilen üpjün edendigi baradaky ençeme delile garamazdan, Moskwa muny yzygiderli ret edip gelýär.

XS
SM
MD
LG