Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ, islendik himiki hüjüm üçin, Siriýa garşy berk harby çäre görjegini duýdurýar


Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Bolton

Birleşen Ştatlar Orsýete, eger-de prezident Başar al-Assad ýurduň pitneçileriň elindäki iň soňky welaýatlaryny yzyna almak üçin himiýa ýaragyny ulansa, özüniň Siriýa garşy berk harby çäre görmäge taýýardygyny aýtdy diýip, “Bloomberg News” habar berýär.

Neşiriň 24-nji awgustda anonim çeşmelere salgylanyp beren habaryna görä, ABŞ resmilerinde Assadyň Siriýanyň Türkiýe bilen serhedine golaý ýerleşýän demirgazyk-günbatar welaýaty Idlibe garşy himiki hüjüm etmek planlaryny görkezýän maglumat bar.

Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Bolton 23-nji awgustda Ženewada öz rus kärdeşi Nikolaý Petruşew bilen bolan duşuşykda Waşingtonyň bu gezek Assadyň himiki ýarag ulanmalary barada aýdylýanlara garşy ozal-ahyr görülmedik derejede, has berk harby gaýtawul bermäge taýýardygyny aýtdy diýip, habarda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG