Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň Bosgunlar edarasy 'ahlaksyz' bosgunlar gapma-garşylygyny bes etmäge çagyrýar


BMG-niň bosgunlar boýunça komissary Filippo Grandi

BMG-niň Bosgunlar edarasy ÝB ýurtlaryny italýan serhet goragçylarynyň gämisinde saklanylýan 150 bosgunyň jogapkärçiligini öz üstlerine almaga hem-de italýan häkimiýetlerini migrantlary derhal gämiden goýbermäge çagyrdy.

"Ahyr netijede deňizde halas edilen adamlar babatynda iň az jogapkärçilik almak üstünde bäsleşýän ýurtlaryň arasyndaky çekeleşigi bes etmegiň wagty geldi” diýip, BMG-niň bosgunlar boýunça komissary Filippo Grandi aýtdy.

“Döwletleriň uzak möhletli çözgütler üçin özara çekeleşige giren wagtynda bosgunlaryň we gaçybatalga gözleýjileriň janyny töwekgellik astyna salmak howply we ahlaksyzlyk bolar” diýip, Grandi 25-nji awgustda çap edilen beýanatynda aýtdy.

Gürrüň edilýän migrantlar 20-nji awgustdan bäri Diciottide, italýan kenar goragçylarynyň Kataniýada düşlän gämisinde saklanylýar.

Italiýanyň hökümeti, eger ÝB-niň beýleki döwletleri aljak diýmese, bu ýolagçylary gämiden düşürmekden ýüz öwürýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG